Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen: Amerikan, britan ilçihanalary ýapyldy


Ýemende howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy netijesinde Birleşen Ştatlar we Britaniýa bu ýurtdaky öz ilçihanalaryny ýapdylar.

11-nji fewralda Waşington Ýemendäki amerikan ilçihanasynyň işgärleriniň yzyna çagyrylýandygyny mälim edenden birnäçe sagat soň, Britaniýa Sanadaky britan ilçihanasynyň ýapylandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Ýemendäki fransuz ilçihanasy hem 13-nji fewralda öz işini togtatjakdygyny habar berip, öz raýatlaryny ýurdy terk etmäge çagyrdy.

Ilçihanalaryň ýapylmagy baradaky çäreler, şaýy musulmanlarynyň “Huthi” atly gozgalaňçy topary Ýemeniň käbir bölekleriniň we hökümetiň kontrollugyny ele salan mahaly bolup geçýär.

“Huthi” atly toparyň gozgalaňçylary sentýabr aýynda Sana şäherini basyp alypdylar we geçen aý olar prezidentiň edarasyny ele saldylar.

Munuň yzýany, Ýemeniň prezidenti Abd-Rabbu Mansur Hadi we onuň hökümeti häkimiýetden çekildi.

XS
SM
MD
LG