Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde bir ofiser öldi


Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda “Talyban” söweşijileri polisiýanyň baş edarasyna hüjüm etdiler.

Içeri işler ministrliginiň metbugat sözçüsi Sedik Sedikiniň berýän maglumatyna görä, ilki başda söweşijiler iki janyndan geçeniň bombasyny partladyp, soňra polisiýa bilen bolan ok atyşykda üç ýaragly adam atylyp öldürildi.

Owgan prezidenti Aşraf Gani bu hüjümi ýazgaryp, wakada bir polisiýa ofiseriniň öldürilendigini aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid öz üstüne aldy.

Bu aralykda, Owganystanyň gündogaryndaky Jalalabat şäheriniň resmileri Nangarhar welaýat geňeşiniň zenan agzasy Angeza Şinwariniň sapar edýän ulagyna bombaly hüjümiň amala aşyrylandygyny mälim etdiler. Maglumatda hüjümiň netijesinde bir adamyň öldürilendigi we başga-da birnäçesiniň, şol sanda Şinwariniň ýaralanandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG