Sepleriň elýeterliligi

Diplomatiýa ýol almasa, Ukraina ýarag berler


Prezidentler Wladimir Putin, Petro Poroşenko, Angela Merkel we Fransua Olland

Prezidentler Wladimir Putin, Petro Poroşenko, Angela Merkel we Fransua Olland

Prezident Petro Poroşenko «Tornado» raketalary ukrain harbylarynyň ştablaryna we Kramatorsk şäheriniň töweregindäki ýaşaýyş jaýlaryna gelip uranda, bir topar zaýaçylyk boldy diýdi.

Ukrain hökümeti 10-njy fewralda edilen hüjümde azyndan 15 adamyň öldürilendigini we 60-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Poroşenko 10-njy fewralda parlamente bu hüjümde «Anti-terror operasiýanyň» baş ştabynyň we birnäçe ýaşaýyş jaýynyň urlandygyny aýtdy. Kiýew gündogar Ukrainada orsýetçi separatistlere garşy alnyp barylýan söweşi «Anti-terror operasiýa» atlandyrýar.

Ol asuda adamlaryň arasynda-da, harbylaryň içinde-de ýaraly bolanlaryň bardygyny aýtdy.

Kiýewiň kontrollugyndaky Donetsk regional adminstrasiýasy raketalaryň Kramatorsk şäherinden 50 km çemesi uzakadaky Horliwkadan, separatistleriň elindäki ýerden atylandygyny aýtdy.

Separatistleriň öz-özüni bellän goranmak resmisi Eduard Basurin gozgalaňçylaryň Kramatorskä zarba urmandygyny, onuň olaryň ok ýeterinden daşdygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky ilçisi Geoffrey Pyatt bu hüjümi ýazgardy.

Ol twitterde: «Biz Orsýet tarapyndan goldalýan separatistleriň Kramatorskde asuda adamlaryň ýaşaýan ýerlerini topa tutmasyny ýazgarýarys» diýdi.

Bu raketa hüjümi parahatçylyk baradaky diplomatiki tagallalaryň güýçlenmegine, Günbataryň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine edýän basyşynyň artmagyna getiren bir aýlyk gyzgyn söweşden soň edildi. Birleşen Ştatlar we NATO Putini gozgalaňçylara berýän goldawyny bes etmäge hem-de Ukrainadaky goşunlaryny we ýaraglaryny yzyna çykarmaga çagyrdylar.

Geçen hepde Kiýewe we Moskwa sapar edip, parahatçylyk teklibini hödürlän german kansleri Angela Merkel we fransuz prezidenti Fransua Olland 11-nji fewralda belarus paýtagty Minskde Putin we Poroşenko bilen duşuşýar, emma bu gepleşikleriň perspektiwalary aýdyň däl.

Konfliktiň iki tarapyndakylar hem, teklip edilýän gepleşiklerden öň, özleriniň söweşde üstünlik gazanýandyklaryny aýtdylar.

Waşingtonda, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, eger diplomatiýa urşy soňlamagy başarmasa, özüniň Kiýewe goranyş ýaraglaryny ibermegiň pikirini edýändigini aýtdy.

9-njy fewralda german kansleri Angela Merkel bilen geçirilen gepleşiklerden soň, Obama özüniň diplomatiki çözgüt şindi hem mümkin diýip umyt edendigini aýtdy.

Emma ol Orsýetiň Minskde sentýabr aýynda Ukraina babatda boýun alan borçlaryny bozandygy anyk diýdi.

"Olaryň Minsk ylalaşygynda boýun alan borçlarynyň tas ählisini bozandyklary açyk. Gündogar Ukrainadan çykmaga derek, rus goşunlary ol ýerde bolmaklaryny, separatistlere tälim bermegi we hüjümleri utgaşdyrmaga kömekleşmegi dowam etdirdiler. Öz ýaraglaryny yzyna çykarmaga derek, Orsýet ol ýere has kän tank, bronly harby tehnika we agyr toplary iberdi» diýip, Obama aýtdy.

Putin özüniň Günbatar ultimatumlaryna ýan bermejegini aýtdy.

Putin 10-njy fewralda rus diplomatlaryna iberen telegrammasynda «bize her neneň kän basyş edilendigine garamazdan», öz halkynyň düýp bähbitlerine hyzmat etmek üçin, global howpsuzlyk we durnuklylyk çäklerinde, Orsýet özüniň garaşsyz daşary syýasatyny dowam etdirer diýdi.

Ukrainanyň harby sözçüsi Andriý Lisenko 9-njy fewralda Orsýeti soňky iki günlükde gündogar Ukraina goşmaça 1500 esger we ýene 300 harby tehniki ibermekde aýyplady.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko geçen aý Ukrainada 9 müň çemesi rus esgeriniň we 500 harby tehniksasynyň, şol sanda tanklaryň, Grad raketa atyjylarynyň, agyr toplarynyň bardygyny aýdypdy.

Orsýet, aýdylýan subutnamalara garamazdan, Ukraina goşun we ýarag iberendigini ret edýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG