Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habary çekişme döretdi


Türkmen TW-sinde howa maglumaty berilýär.
Türkmen TW-sinde howa maglumaty berilýär.

Lebap welaýatynda käbir mekdepleriň okuwçylaryna özbek we türk telekanallarynyň gepleşiklerine tomaşa etmezligiň maslahat berlendigi baradaky habar Azatlyk radiosynyň internetdäki, sosial ulgamlardaky sahypalaryna girýän okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Bu täzelik çap edileninden soňky 24 sagat içinde gelen ýüzläp seslenmäniň içinde habaryň çyndygyny sorag astyna alýanlar ýa-da bu täzeligi goldaýanlar azlyk, emma bu berilýän «maslahatdan» nägile bolýanlar juda kän.

Bu habar okyjylarymyzyň arasynda jedel, çekişme hem döredipdir. Mysal üçin, Nurik Saparow bilen Ýaşar Arslanyň arasynda giden çekişmede gapma-garşylykly pikirler aýdylýar.

Kimiň işi?

Ýaşar Arslan Nurik Saparowa: «Gardaşym, seniň halkyň dogry zatlary öwrenmäge, bilmäge haky ýokmy? Türkmen halky bu dünýäniň ynsany dälmi?.. Siz näme üçin Azatlyk radiosyny bu hakykatlary ýazýany üçin gutlamaýarsyňyz?» diýip ýazýar.

Nurik Saparow oňa türkmen däldigini, munuň onuň işi bolmaly däldigini ýatladýar. Emma Ýaşar Arslan «bu meniň işim, türki jemgyýetleriň medeniýet birligi barada ylmy iş ýazýaryn diýip jogap berýär, Türkmenistandaky ýagdaýy gowy bilýändigini aýdyp, gaz inženerliginden ýokary bilimli arkadaşyndan işe girjek bolanda 10 müň dollar para sorandyklaryny, indi onuň Gollandiýada aýda 4500 ýewro aýlyk alýandygyny ýazýar.

Gülçehre Hamraýewa «halky elinden geldigiçe ezýärler, o sebäpden her kes ýurt daşyna gaçýar... ýaňy dogan bäbekleriň adyny hem döwlet daksa, geň görmerin» diýip ýazýar.

Aziz Döwletow feýsbukda «adamlara asuda ýaşaýyş ýok» diýse, Muhuddin Bulut «Indi muňa-da nobat geldimi?» diýip soraýar.

Nargiz Huseýinowa bu ýagdaýy «masgaraçylyk» atlandyryp, toba etse, Myrat Galandar bu ýagdaýyň «türkmen milleti oýanýança dowam etjegini» belleýär we Türkmenistanda özbek milletiniň geljegini we medeniýetini «ýok etmäge çalyşýarlar» diýen pikiri öňe sürýär.

Ol bu pikirini türk we özbek telekanallaryny görmezlik maslahatynyň Maryda, Balkanda we Ahalda berilmän, etniki özbekleriň ýaşaýan ýerlerinde berilmegi bilen delillendirmäge çalyşýar.

Propaganda aýyplamasy

Nigar Ýyldyz atly okyjymyz «ýok, aslynda halkymyzyň gözi açylmasyn diýip ýapýarlar muny» diýip ýazsa, özüne Ärsary Türkmen gyzy diýip at dakan okyjymyz bu habaryň ýalandygyny öňe sürýär: «Kanunda kabul edilmedik zady bir samsyk sizi öjükdirmek üçin iki kelam edýär, sizem ynanyşyp, bolar ýaly däl...» diýip, ol aýdýar.

Soňra ol feýsbukda beýleki teswir ýazanlara ýüzlenip, Daşoguzda, Lebapda ýaşaýanlardan sorap görmegi maslahat berýär: «Meniň maşgalamyň köpüsi mugallym... olar beýle zat ýok diýip güldiler» diýip, ol Azatlyk radiosyny ýalňyş propagandada aýyplaýar.

Bu hili çaklamany öňe sürýän okyjylar, ýagny arap ýurtlarynda bolan halk gozgalaňlaryny ýatladyp, «nankörlük» etmezligi maslahat berýänler başga-da bar.

Emma Iskender, Diýar atly okyjylarymyz bu pikire garşy çykýarlar. Mysal üçin, Diýar Türkmenistanda milletçiligiň ösendigini aýdyp, goşun gullugynda özüne «özbek» diýip ýüzlenendiklerini ýazýar. Ýöne Ärsary Türkmen gyzy bu hili meseleleriň taryhy köklerine salgylanyp, olary döwletiň däl, halkyň çözmelidigini aýdýar.

Arslan Turapow atly okyjymyz bolsa, «adamlar görsün, öwrensin hemme, maşgala eklemek üçin, durmuşda özüňi nähili alyp barmalydygyny öwrensin, gözi açylsyn, mal ýaly bolmasyn» diýip teswir galdyrypdyr.

"Görme diýen bolsalar gowudyr"

Magtymguly atly okyjymyz: «Olar görme diýen bolsa, diýmek gowy zat bolmaly ol kanallarda, bütin türkmen halkyna ýüzlenýän, öýüňiziň içindäki wakalara garyşmaklyga rugsat bermäň» diýýär we munuň soňunyň has erbet bolmagynyň ahmaldygyny duýdurýar.

Lebap welaýatynyň käbir mekdeplerinde türk we özbek telekanallarynyň gepleşiklerine tomaşa etmezlik barada berlen maslahat türkmen telewideniýesiniň prezident Berdimuhamedow tarapyndan tankyt edilýän gepleşiklerine hem ünsi çekipdir.

Bahar atly okyjymyz Aşgabatdan «nädogry bilimi we maglumaty biziň hökümetimiz, [telewizion] kanallarymyz berýär» diýip ýazýar.

Ol türkmen telewideniýesinde «görere zat ýokdugyny» sözüni şeýle jemleýär: “Gije-gündiz «arkadag», ýurdy batyryp barýarlar. Goýun etdiler halky. Olara galsa, diňe marşirowka etmeli. Marsda ýaşaýan ýaly.»

Bu, elbetde, aşgabatly Baharyň teswiri.

XS
SM
MD
LG