Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat azatlygy pese gaçýar


Serhetsiz reportýorlar guramasy 12-nji fewralda çap eden ýyllyk hasabatynda geçen ýyl dünýä metbugat azatlygynyň derejesiniň «kesgin pese gaçandygyny» aýtdy.

Bu peselişiň bir sebäbi «Yslam döwleti» we «Boko haram» ýaly ekstermist toparlar bilen düşündirilýär.

Serhetsiz reportýorlar guramasy geçen ýyl 180 ýurduň arasynda geçirilen barlag netijesinde, maglumat azatlygy babatda 3719 sany düzgün bozmanyň bolandygyny habar berýär.

Metbugat azatlygy görkezijisinde Eýran, Hytaý, Siriýa, Demirgazyk Koreýa we Türkmenistan ýaly ýurtlar iň pes baha alanlaryň arasynda getirilýär.

XS
SM
MD
LG