Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew "dollarsyzlaşma" çagyrýar


Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň Orsýete garşy girizen sanksiýalaryny «wagşylyk» hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol bu sanksiýalaryň Gazagystana hem zyýan ýetirýändigini aýdyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetinde «dollarsyzlaşmaga» çagyrdy.

Nazarbaýew bu sözleri 11-nji fewralda, hökümet mejlisinde aýtdy we Orsýetiň, şol sanda Gazagystanyň bu ykdysady kynçylyklardan mertebe bilen çykjagyna ynam bildirdi.

Nazarbaýew Milli banka gazak ykdysadyýetini dollarsyzlaşdyrmagy tabşyrdy hem-de kompaniýalary we raýatlary amerikan dollarlaryny gazak teňňesine çalyşmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG