Sepleriň elýeterliligi

Hukukçy ilçihanada gizlenýär


Şweýsariýanyň jemgyýetçilik telewideniýesi Azerbaýjanyň hukuk goraýjy aktiwisti Emin Huseýinowyň Bakuwadaky Şweýsar ilçihanasyny penalaýandygyny habar berdi.

Şweýsariýanyň "Rundschau" telewizion programmasy 11-nji fewralda Huseýinowyň ilçihana awgustda, özüni şweýsar raýaty hökmünde tanadyp, polisiýadan gutulmak üçin gelendigini aýtdy.

Huseýinow şondan bäri şweýsar ilçihanasynda gizlenýär.

Ol Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň we onuň hökümetiniň tanymal tankytçysy hökmünde tanalýar.

Şweýsar telewideniýesi Huseýinowyň mundan ozal öz hukuk goraýjylyk işi üçin urlup-enjilendigini we tussag edilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG