Sepleriň elýeterliligi

Türkmen mediasynyň azatlygy ýene yzda


"Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň metbugat azatlygy boýunça kartasy, 12-nji fewral, 2015.

"Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň metbugat azatlygy boýunça kartasy, 12-nji fewral, 2015.

"Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň dünýä ýurtlarynda media azatlygyna baha berip, täzelikde ýaýradan ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň dünýäniň iň yzagalak ýurtlarynyň biridigi aýdylýar. Metbugat azatlygynyň dünýä indeksi atly hasabatynda 180 ýurda baha berilýär, sanawda Türkmenistan 178-nji orunda ýerleşdirilipdir.

Hasabatda ýurtlaryň metbugat azatlygynyň derejesine berlen baha mediadaky köppikirlilige we garaşsyzlyga, žurnalistleriň howpsuzlygyna we erkinligine, kanunçylyga, media üçin döredijilik we düzgünlilik şertlerine esaslanylýar.

Hasabata laýyklykda, agzalan şertlere görä dünýäde media azatlygy boýunça iň öňdebaryjy üç ýurt Finlýandiýa, Norwegiýa we Daniýa, iň yzagalak üç ýurt, bolsa: Türkmenistan, Eritreýa we Demirgazyk Koreýa.

Media azatlygy boýunça ”Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň hasabatynda Türkmenistana berlen şu ýylky baha geçen ýylkysyna gabat gelýär. 2013-nji ýylda Türkmenistan 177-nji orunda ýerleşdirilipdi. Guramanyň media azatlygy boýunça ilkinji hasabatynda 2002-nji ýylda Türkmenistan dünýäniň 136 ýurdunyň arasynda 134-nji ýeri alypdy.

Türkmenistan näme üçin yzda galýar?

”Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Ýewraziýa boýunça bilermeni Ýohan Bir Türkmenistanda media azatlygyna berlen bahanyň şu ýyl hem pes derejede saklanmagynyň sebäbini ýurtda ýagdaýyň düýpden üýtgewsiz galýandygy bilen düşündirdi.

“Türkmenistanyň hökümetiniň 2013-nji ýylda media boýunça yörite kanun kabul edendigine garamazdan, iş ýüzünde hiç zat üýtgemedi. Ýurtda henizem ýeke-täk hususy neşir bar, ol hem, hakykatda, garaşsyz däl. Erkin pikirlilik we erkin žurnalistika diňe ýurduň daşyndaky, esasan, türkmen internet media çeşmelerinde bar”.

Şeýle-de ”Serhetsiz reportýorlar” guramasy türkmen häkimiýetleriniň ýaşaýyş jaýlardan telewizion çanak antennalary aýyrmak boýunça amala aşyrýan çärelerine hem aladalanma bildirdi.

Metbugat azatlygynyň dünýädäki ýagdaýy

Metbugat azatlygy boýunça täze hasabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda metbugat azatlygy boýunça Gyrgyzystan 88-nji ýerde, Täjigistan 116-njy ýerde, Gazagystan 160-njy we Özbegistan 166-njy ýerde görkezilipdir. Orsýet bolsa dünýä ýurtlarynyň arasynda 152-nji ýerde ýerleşdirilipdir.

Hasabata görä, 2014-nji ýylda dünýäde 13 žurnalist öldürilipdir, 165 žurnalist tussag edilipdir.

”Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň täze hasabatynda 2014-nji ýylda dünýä derejesinde informasiýa azatlygynyň dowamly ýaramazlaşandygy aýdylýar. 180 ýurduň üçden iki böleginiň görkezijileriniň ozlaky ýyla garanda erbetleşendigi, informasiýa azatlygyna basyşlaryň ozalky ýyllara garanda güýçlenendigi we munuň ähli ýurtlara öz täsirini ýetirendigi aýdylýar.

Hasabatda dünýädäki ýagdaýlaryň ýaragly konfliktler bilen metbugat azatlygynyň arasynda mese-mälim baglanyşygyň bardygyny görkezýändigi bellenilýär. Durnuksyz ýagdaýlarda media halkara borçnamalaryny bozmak maksady bilen maglumatlara we täzeliklere gözegçilik etmäge synanyşýan toparlaryň hem-de aýry-aýry şahsyýetleriň strategik nyşanyna öwrülýär diýip, ”Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň hasabatynda bellenýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG