Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Musulman studentler jaýlandy


Şu hepde Amerikanyň Demirgazyk Karolina ştatynda atylyp öldürilen üç musulman studentiň jaýlanyş mirasymyna müňlerçe adam gatnaşdy.

Ýaş çatynjalar 23 ýaşly Deah Şaddi Barakat we onuň 21 ýaşyndaky aýaly Ýusor Mohammad Abu-Salha hem-de onuň 19 ýaşly uýasy Razan Mohammad Abu-Salha 10-njy fewralda atylyp öldürilipdiler.

Resmiler ýaş studentleriň goňşusy tarapyndan öldürilendigini aýdýarlar we olary öldürmekde 46 ýaşly Kreýg Stefan Hiksi (Craig Stephen Hicks) aýyplaýarlar.

Hiks ýakynda Facebookdaky sahypasynda hristian we yslam dinini tankyt edýän mazmunly maglumat çap edip, özüni ataist diýip häsiýetlendiripdi.

Öldürilen studentleriň dogan-garyndaşlary hüjümiň dini maksatlydygyna ynanýarlar we muňa ýigrenç jenaýaty hökmünde garalyp, derňelmegini isleýärler.

XS
SM
MD
LG