Sepleriň elýeterliligi

“Boko Haram” oba hüjüm etdi


“Boko Haram” toparynyň Çadda amala aşyran hüjüminde azyndan bäş adam öldi. Bu nigeriýaly söweşiji toparyň aç-açan amala aşyran ilkinji öldüriji hüjümidir.

Ýaşaýjylaryň we howpsuzlyk çeşmeleriniň aýtmagyna görä, 13-nji fewralda “Boko Haram” yslamçy toparyň 30 çemesi söweşijisi Çad kölüniň kenaryndaky Ngoboua (Ngouboua) obasyna hüjüm edip, jaýlary oda beripdir.

Oba ýaşaýjylary söweşijileriň kanoe kysymly gämide gelendigini we ýurduň armiýasy tarapyndan yza serpikdirilmezden öň, birnäçe adamy öldürendigini aýtdylar.

Soňky hepdelerde “Boko Haram” topary Kamerun we Niger döwletiniň şäherçelerine edýän hüjümleriniň gerimini güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG