Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Söweşijileri hakyna tutmakda 30 wakanyň üsti açyldy


Gyrgyzystan “Yslam döwleti” atly topara söweşijileri hakyna tutmak synanyşygy bilen baglanyşykly ýakynda 30 wakanyň üstüniň açylandygyny habar berýär.

Gyrgyz Içeri işler ministrliginiň resmisi Raim Salimow 13-nji fewralda beren maglumatynda “soňky 10 günüň dowamynda Oş welaýatynyň Kara-Suu etrabynda geçirilen öňüni-alyş operasiýalarda yslamçy söweşijileri hakyna tutmak synanyşygy bilen baglanyşykly 30 wakanyň üsti açyldy” diýdi.

Şu hepdäniň başynda Kara-Suu etrabyndaky uly metjidiň täsirli ymamy halyfatyň döredilmegine we adamlary Siriýa gidip “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine goşulmaga çagyrmakda aýyplanyp tussag edilipdi.

Salimowyň aýtmagyna görä, gyrgyz resmileri ekstremist toparlaryň Gyrgyzystanda söweşijileri hakyna tutmagyň öňüni almak kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde ilat bilen ençeme duşuşyklary guramalaşdyrypdyr.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, 200-den gowrak gyrgyz raýaty, şol sanda 30 çemesi zenan Siriýada “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň hataryna goşulypdyr.

XS
SM
MD
LG