Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Orsýet şertnamanyň 'ruhuny' bozýar


Ukrain tanky, Debaltseweniň golaýayndaky ýol. 13-nji fewral, 2015.
Ukrain tanky, Debaltseweniň golaýayndaky ýol. 13-nji fewral, 2015.

Birleşen Ştatlar Orsýeti we orsýetçi separatistleri gündogar Ukrainadaky täze parahatçylyk ylalaşygynyň «ruhuny» bozmakda aýyplady.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki Orsýet Debaltsewede, köp sanly top we tapgyrlaýyn raketa atyjy sistemalar bilen bir hatarda, howa gorag sistemasyny ýerleşdirdi diýdi.

"Bu şu hepde baglaşylan şertnamanyň ruhuna düýpden gabat gelmeýär" diýip, Psaki aýtdy.

Ol Waşingtonda aňtaw maglumatlarynyň bardygyny, Orsýetiň pitneçilere uly möçberde üpjünçilik ýüküni ibermäge taýýarlanýandygyny aýtdy.

Ak tam Konrgesiň Ukrainany ýarag bilen üpjün etmek babatda barha ýokarlanýan basyşy astynda.

Pitneçiler 15-nji fewraldaky ýaraşygyň öňünden Debaltsewedäki ukrain goşunlaryna edýän hüjümlerini güýçlendirdiler, bu şäher pitneçileriň Donetskdäki we Luhanskdäki mesgenleriniň aralygynda ýerleşýär.

Bu ýagdaý 12-nji fewralda Orsýetiň, Ukrainanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri tarapyndan Minsk şäherinde baglaşylan parahatçylyk şertnamasynyň beren umytlaryna kölege saldy.

"Güýçli ynam ýok"

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko Minsk ylalaşygynyň ýol aljagyna şübhe bildirdi.

"Minskde gol çekilen parahatçylyk şertleriniň berk durmuşa geçiriljeginde hiç kimde güýçli ynam ýok" diýip, Poroşenko aýtdy.

G7 ýurtlary özleriniň şertnamany bozanlaryň garşysyna "degişli çäreleri" görmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Bu Orsýetiň garşysyna has kän ykdysady sanksiýanyň girizilip bilinjegini aňladýar.

G7 ýurtlarynyň liderleri, fransuz prezidenti bilen bilelikde çap eden beýanatlarynda özleriniň Ukrainadaky ýagdaýdan, hususan-da 15-nji fewraldaky ýaraşygyň öňünden Debaltseweniň töwereginde barýan söweşlerden alada galýandyklaryny aýtdylar.

"Gelýän günlerde taraplaryň ählisi ýaraşygyň başlanmagyny bökdejek hereketlerden saklanmalydyr" diýip, beýanatda aýdylýar.

Ukrainanyň harby sözçüsi Andriý Lisenko soňky 24 sagatda 11 esgeriň öldürilendigini, 40 esgeriň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdy.

"Pitneçiler Debaltseweniň içinde we töwereginde top, minomýot we raketa atmak bilen, ukrain güýçleriniň ýerleşen ýerlerine we esasy lagerine gaýta-gaýta zabt edýärler» diýip, Lisenko hökümet güýçleriniň öz pozisiýalarynda durandyklaryna basym berip aýtdy.

Şertnamanyň ýesirler bölegi

Psaki şertnamanyň ýene bir esasy böleginiň, taraplaryň ählisiniň bikanun saklanýan tussaglary we zamunlary boşatmak wadasynyň hem ýerine ýetirilmeýändigini aýtdy.

Psaki Nadia Sawçenkonyň, Ukrainanyň harby-howa güýçleriniň Moskwada tussaglykda saklanýan we iki rus žurnalistini öldürmekde aýyplanýan ofiseriniň azat edilmeýändigini aýtdy.

"Ol rus hökümetiniň zamuny we derhal azat edilmeli" diýip, Psaki aýtdy.

"Şu hepde baglaşylan şertnama konflikt mahalynda alnan ähli zamunlary we bikanun saklanýan tussaglary alyş-çalyş etmäge çagyrýar. Biziň nazarýetimizden, bu Nadežda Sawçenkony hem öz içine alýar."

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Orsýetiň Sawçenkony boşatmagy wada bermändigini aýtdy.

Peskow onuň işi babatda Orsýetiň sudunyň karar çykarmalydygyny hem sözüne goşdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG