Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko Sakaşwilini geňeşçi edindi


Ukrain prezidenti Petro Poroşenko Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihail Sakaşwilini öz geňeşçileriniň hataryna goşdy.

Ukrain prezidentiniň websaýtynda 13-nji fewralda ýerleşdirilen kararda Sakaşwiliniň täze döredilen Reformalaryň halkara konsultasiýa geňeşinde bolup, esasan referendumlary geçirmek baradaky teklipleri we rekomendasiýalary berjegi aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda bu geňeşe Ukrainadaky kanunçylyk reformalaryna we ýurduň halkara goldawynyň derejesini galdyrmaga kömek edip biljek beýleki halkara ekspertleriniň hem çekiljegi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG