Sepleriň elýeterliligi

Obama ganhorlugy ýazgarýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama şu hepde Demirgazyk Karolinada tüpeňlenen üç musulman studentiniň öldürilmegini «zalym we gözçykgynç ganhorluk» diýip häsiýetlendirdi.

Obama Birleşen Ştatlarda hiç bir adam öz dini ynanjy üçin nyşana alynmaly däldir diýdi.

Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti 13-nji fewralda özüniň Federal derňew gullugynyň derňewine goşulyp, 10-njy fewralda Çapel Hilde ganhorlukda aýyplanan adamyň federal kanunlary bozup-bozmandygy, şol sanda ýigrenç jenaýatyny edip-etmändigi baradaky barlaga gatnaşjagyny aýtdy.

Öldürilen studentleriň maşgala agzalary Obama ýüzlenip, federal häkimiýetleriň jenaýatda aýyplanýan Kreýg Stefen Niksiň öz pidalaryny näme sebäpden, ýagny olary musulman bolany üçin ýigrenip öldürendigini ýa däldigini derňemegini talap etdiler.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun ganhorlugyň pidasy bolan üç studentiň ynsanperwerlik-kömek işlerine goşulan we dünýä raýatlygynyň iň gowy gymmatlyklaryna wekilçilik eden adamlar bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG