Sepleriň elýeterliligi

logo-print

YD al-Bagdadini eýeledi


Pentagon YD toparynyň jeňçileriniň ABŞ-nyň we koalisiýa güýçleriniň yrak goşunlaryna tälim berýän bazasyndan uzak bolmadyk bir şäheri ele geçirendigini tassyk etdi.

Penatogoyň sözçüsi al-Bagdady şäheriniň ýan berendigini we munuň YD tarapyndan soňky aýlarda ele geçirilen ilkinji täze ýer bolandygyny aýtdy.

Al-Bagdadiniň synmagy YD jeňçileriniň golaýdaky al-Asad howa bazasyna janyndan geçenleriň hüjümini gurnan wagtyna gabat geldi.

Pentagon 13-nji fewralda Anbar welaýatyndaky howa bazasyna hüjüm eden YD jeňçileriniň birnäçesiniň öldürilendigini aýtdy. Hüjümde yrak we amerikan esgerleriniň hiç birine zeper ýetmändir.

XS
SM
MD
LG