Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Putiniň ýolundan barýarmy?


Rus prezidenti Wladimir Putin (Ç) we onuň türk kärdeşi Taýyp Erdogan. Ankara, 1-nji dekabr, 2014 ý.
Rus prezidenti Wladimir Putin (Ç) we onuň türk kärdeşi Taýyp Erdogan. Ankara, 1-nji dekabr, 2014 ý.

"Türkiýäniň demokratiýasy hüjüm astynda. Häkimiýetdäki Adalat we galkynyş partiýasynyň (AKP) barha möwjeýän konserwatiw ritorikasy dünýewi Türkiýe respublikasynyň gysga wagt içinde yslamçy režime öwrülip biljekdigi babatdaky gorkyny döredipdir. Köpçülik, ahyrynda Eýrandaky ýaly, şerigat kadalary bilen dolandyrylýan repressiw döwletiň döräp biljeginden ynjalyksyzlanýar". Bu sözler Claire Sadaryň "Foreign Affairs" žurnalynda "Ankarada Russiýanyň fantaziýasy" diýen at bilen çap edilen makalasyndan alyndy.

Ýöne awtor muňa başga bir geografiki analogiýanyň has kybapdaş bolup biljekdigini nygtapdyr. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň häkimiýetindäki syýasy ugra çuňňur garalanda, onuň ýurdy yslamçy däl, eýsem dünýewi we awtoritar ugra äkidip barýandygy aýdyň bolýar. Bu ýurt barha prezident Putiniň Russiýasyna meňzeýär.

Erdoganyň dini bilim we zenanlaryň rolunyň jemgyýetde köne döwürdäki ýaly bolmalygydy babatda eden çykyşy synçylarda dünýewiligiň golaýda ýatlama öwrüljekdigi babatda pikriň döremegine sebäp bolupdyr.

Ýöne olar bir fakty ýatdan çykarýarlar, ýagny Erdoganyň hereketleri häkimiýet ugryndaky açgözlüginden gelip çykýar. Türkiýäniň häzirki durkuny Russiýanyň 1990-njy ýyllardaky ýagdaýy bilen deňeşdirip bolar. Şol döwürde Russiýada demokratiýa prinsiplerine hüjüm başlanypdy. Erdogan hem edil şolar ýaly, öz syýasy garşydaşlaryny antidemokratik elementlere ýanap, olary ýok etmäge synanyşýar. AKP-niň owalky hyzmatdaşy Fethullah Gülen şeýle maksat bilen nyşana alnypdyr...

Rejep Taýyp Erdogan (Ç) we bosgunlykdaky ruhany Fethullah Gülen
Rejep Taýyp Erdogan (Ç) we bosgunlykdaky ruhany Fethullah Gülen

"Bu syýasat, Türkiýäni bir partiýaly döwlete, ýagny halky musulman köpçülikden ybarat Russiýa öwrüp biler. Täsirsiz ýagdaýa getirilen bitarap media gysyş astynda, mejlis saýlawlary we syýasy bäsdeşlik ýatyrylýar.

Türkiýäniň Russiýa öwrülmekliginiň öňi alnyp biler, ýöne munyň üçin mümkinçilikler azalýar. Erdoganyň golaýda syýasaty taşlamak niýeti ýok. Şonuň üçinem ol özüne syýasy hyzmatdaşlar ýetişdirmäge başlapdyr. Ylaýtada premýer-ministr Ahmet Dawutoglu onuň ýörite goldawçysy.

Awtoruň pikrine görä, Günbatar Türkiýäni demokratik ýola gönükdirmeklik üçin alada edip biler. Meselem, birinji ädimde bolşy ýaly, ÝB-niň agzalyk gepleşikleriniň täze tapgyryny başladyp biler. Netijede, Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk ähtimaly azam bolsa, täze tapgyryň başlamaklygy häzirki hökümetiň adam hukuklary we kanunyň hökmürowranlygy babatdaky kemçiliklerini ýüze çykarar. Halkara jemgyýet iýun aýynda Türkiýede geçiriljek mejlis saýlawlaryny gaty gowy synlamaly we prezidentiň ygtyýaryny pugtalandyrmaklyk üçin esasy kanunyň üýtgedilmegine garşy çykmalydyr.

"Hemme zatdan owal, Türkiýe hökümeti babatda umytsyzlyk dörändigine garamazdan, ÝB we ABŞ bu ýurt bilen işleşmelidir. Syýasy izolýasiýa Türkiýäniň awtokratiýa öwrülmegine gönümel täsir edip biler" - diýip, awtor ýazypdyr.

Donetsk ylalaşygynda näme gizlin saklanýar?

Görnüşi ýaly, Minsk gepleşikleri köpçüligiň garaşanyndan has peýdaly boldy. "Ýöne ylalaşygyň aýratynlyklarynda näme gizlin saklanýarka, ýagny ylaýtada "Donetsk we Lugansk sebitleriniň käbir ýerinde ýerli hökümetiň wagtlaýynça režimi" bendinde?" - "Newsweek" žurnalynda Aleksandr Klimenko şeýle sowaly orta atýar:

"Donbas sebitiniň geljekdäki dolandyryşy babatdaky gümürtik terminologiýa dürli garaýyşlara, şol sanda onsuzam gaty köp adam ýitgisine sebäp bolan düşünişmezligiň dowam etmekligine sebäp bolup biler. Ýa-da bolmasa, ähli taraplaryň uzak möhletli bähbitleri babatda bir gutarnykly çözgüde eltip biler, ýagny Donbas ýöriteleşdirilen ykdysady sebit yglan edilip bilner".

Awtoruň ýatlatmagyna görä, şeýle ideýany ilkinji gezek Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko "France 24" telekanalyndaky söhbetdeşlikde agzap geçipdir. Onuň pikrine görä, ýöriteleşdirilen ykdysady Donbas dolanyşygy "ÝB-niň Russiýa bilen bolan gatnaşyklaryny deňagramly ýagdaýa getirmekligine" mümkinçilik döreder. Awtor Poroşenkonyň näme üçin şeýle ideýany daşary ýurtly bir telakanalda ýaňzydýandygyny geňirmenme bilen sorapdyr.

Munyň bir sebäbi hökümetiň alyp barýan izolýasiýa syýasaty bilen baglanşykly. Ukrainadaky syýasy ýolbaşçylaryň aglabasynyň garaýşyna görä, durmuş şertleriniň ýaramazlaşdyrylmagy ykrar edilmedik respublikalardaky raýatlarda Ukraina ymtylyş döretmekligiň ýeke-täk çäresi.

Awtor ýöriteleşdirilen ykdyasy sebit ideýasyny aýdyň pikir hasaplapdyr. Ummasyz harby çykdaýjylaryň deregine, Donbasda inwestisiýa rowaçlanar. Ýöriteleşdirlen ykdysady sebit ýurduň bütewiligine zeper ýetirmez. Şeýlelikde, Donbas Ýewropa bilen Russiýanyň arasyndaky köprä öwrüler.

Dünýäde has öndürjilikli we girdejili bir ýöriteleşdirilen ykdysady sebit nusgasy ýok. Ýöne olaryň sany barha artýar. Häzirki döwürde dünýäde 1200 sany ýöriteleşdirlen ykdysady sebit bar. Olaryň ýyllyk köpeliş depgini hem ýüzden 7 göterimdir.

"Ýeke-täk geňirgendirýän ýagdaý bolsa, Ukraina hökümetiniň ýagdaýa çemeleşişidir. Ukraina Donbasy gabaw astynda sesini çykartman saklajak bolsa, onda sebitde parahatçylyk we abadanlaşdyryş işleri gaty kyn boljakdyr" diýip, awtor ýazypdyr.

Awtor Aleksandr Klimenko Ukrainanyň owalky Salgyt we girdeji ministri, "Donbasyň dikeldilişi" jemgyýetçilik tagallasynyň hem gurujysydyr.

Kremle sowgat

"Wladimir Putin özünden hoşal. Krym ýarym adasyny ele geçirdi. Ukrainanyň gündogarynda gozgalaňçy hereketini öjükdirdi. Tanklary serhede üýşürdi. Indi bolsa Ýewropanyň iki lideriniň kömegi bilen dawwa-jenjeli togtatdy. Birnäçe günüň dowamynda Ukrainada parahatçylyk ýola goýlup biler. Ýöne bu parahatçylygyň şerti Kremliň kesgitlän görnüşinde bolar".

"The Times" gazýetiniň ýazmagyna görä, 12-nji fewralda Minskde ýola goýlan ylalaşyk Ukrainanyň geljekde bölünmeginiň öňüni almaklyk üçin bir ýörelge boldy. Kremliň maksady goňşyň ýerinde mydamalyk orun tapmaklyk üçin bir bosaga döretmeklikdi: "Bu, Moskwa bütin ýurtdaky goh-galmagaly öjükdirmeklik ýa-da ýatyrmaklyk üçin ylham berjer. Kiýewiň NATO we ÝB-ne agzalygyny kynlaşdyrar".

"Şu ýylyň ahyrynda Ukraina Russiýa bilen gündogar serhedini berkitmäge synanyşar. Muny güýç ulanman durmuşa geçirmeklik gaty kyn bolar. Russiýa we Ukrainanyň gündogaryndaky hakynatutma söweşijiler özlerini birleşdirýän serhedi elinde saklajak bolar. Ýagny serhediň goranyşy berk bolmaz. Donetsk aeroporty hem söweşijileriň elinde galar. Ukrainanyň gündogaryny Russiýa bilen birleşdirýän demirýollary hem söweşijileriň ygtyýarynda bolar. Wagtlaýynça ok atyşlygy bes etmeklik ylalaşygy gutarandan soň bolsa, Mariupol senagat şäherine hüjüm täzeden başlar" diýip, awtor ýazypdyr.

XS
SM
MD
LG