Sepleriň elýeterliligi

Gadagan kinoçy baýrak aldy


Jafar Panahi

Jafar Panahi

Eýranly dissident, ýurdunda kino düşürmek gadagan edilen kinorežissýor Jafar Panahi 14-nji fewralda, Berlinde geçirilýän Halkara kino festiwalynda, iň gowy filme berilýän «Altyn aýy» baýragyna mynasyp boldy.

Panahi filmde Tähranda bir taksiçi görnüşinde peýda bolýar we şäher ýaşaýjylarynyň berýän gürrüňlerini diňleýär.

Žýuriniň prezidenti, amerikaly režissýor Darren Aronofski bu filmi kino bagyşlanan söýgi haty hökmünde häsiýetlendirdi. ses

«Onuň kinosy öz senedine, öz jemgyýetine, öz tomaşaçylaryna bolan söýgüden püre-pür» diýip, ol aýtdy.

Panahi 2010-njy ýylda 6 ýyl tussaglyga we 20 ýyl kino düşürmek, kinossenariý ýazmak, interwýu bermek, ýurtdan çykmak gadaganlygyna höküm edildi

XS
SM
MD
LG