Sepleriň elýeterliligi

BMG herekete çagyrylýar


Aýlak Arap döwletleri BMG-ni Ýemende, şaýy milisiýasynyň häkimiýeti eýelän ýurdunda gujurly herekete çagyrdy.

Alty agzaly Aýlak hyzmatdaşlyk geňeşi 14-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini BMG-niň Düzgünnamasynyň Ýedinji maddasy esasynda karar çykarmaga çagyrdy.

Bu madda parahatçylyk bozulan ýa-da agressiýa hereketleri bolan ýagdaýynda harby güýç ulanmaga ygtyýar berýär. Şaýy Huti pitneçileri geçen aýyň aýagynda prezident köşgüni ele geçirdiler.

Netijede prezident Abd-Rabbu Mansur Hadi we onuň hökümeti işden çekildi. Pitneçiler 6-njy fewralda parlamenti dargytdylar we geçiş assambleýasyny we hökümetini döretdiler.

Bu ýagdaý Birleşen Ştatlaryň we bir topar ýewropa, arap ýurtlarynyň Ýemendäki ilçihanalaryna ýapmagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG