Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iordaniýa tankytçyny türmä basdy


Iordan sudy «Musulman doganlygynyň» ýokary derejeli liderini 18 aý türme tussaglygyna höküm etdi.

Amman sudy 15-nji fewralda Zaki Bani Rşeýdi, «Musulman doganlygynyň» Iordaniýadaky başlygynyň orunbasaryny, Birleşen Arap Emirlikleriniň bu guramany gadagan etmek kararyny tankyt etmekde günäli tapdy.

Suduň kararynda Rşeýdiň beýanatlarynyň patyşalyk bilen daşary ýurt arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirip biljegi aýdylýar.

Ol noýabr aýynda, öz feýsbuk sahypasynda BAE, 80 çemesi yslamçy topary, şol sanda «Musulman doganlygyny» gadagan edip, «regionda ABŞ-nyň we Ysraýylyň bähbitlerine gulluk edýär» diýip ýazanyndan soň tussag edildi.

XS
SM
MD
LG