Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jeki Çanyň ogly ötünç soraýar


Meşhur kino aktýory Jeki Çanyň ogly neşe aýyplamalary esasynda alty aý türmede bolup çykanyndan soň ötünç sorady.

32 ýaşyndaky Jeýsi Çan Pekinde guralan metbugat ýygnagynda özüniň 2014-nji ýylyň awgustynda tussag edilmegine getiren hereketleri üçin puşman edýändigini aýtdy.

Şonda ol taýwanly aktýor Ko Keý we beýlekiler bilen tussag edilipdi.

Çan bilen Keýde geçirilen barlag olaryň marihuana ulanandygyny tassyklapdy we Çanyň Pekindäki jaýyndan 100 gramdan gowrak neşe tapylypdy.

XS
SM
MD
LG