Sepleriň elýeterliligi

Daniýada iki şübheli tussag edildi


Daniýanyň polisiýasy 14-15-nji fewralda Kopengagende bolan iki ok atyşykda iki adamy öldüren ýaragly adama kömek edendigine ynanylýan iki adamyň tussag edilendigini mälim etdi.

Bu barada Daniýanyň polisiýasy 16-njy fewralda mälim etdi, emma şübhelileriň şahsyýeti barada maglumat bermedi. Polisiýa olaryň ýaragly adama diňe “maslahat bermek arkaly” ýardam edendigini aýdýar.

Kopengageniň polisiýasy 15-nji fewralda bolan ok atyşykda esasy şübhelini atyp öldürdi. Polisiýa gürrüňi gidýän şübheliniň şahsyýeti barada maglumat bermedi, emma Daniýanyň metbugaty ony Omar El-Hussein diýip mälim etdi.

14-nji fewralda bolan ilkinji ok atyşykda Daniýanyň paýtagty Kopengagende söz azatlygy boýunça geçirilýän dabarada daniýaly kinorežissýor atylyp öldürildi.

Mundan 10 sagat çemesi wagt soň, şäheriň esasy sinagogynda bolan ikinji hüjümde Kopengagendäki ýewreý jemgyýetiniň agzasy Dan Uzan kellesinden atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG