Sepleriň elýeterliligi

Terk edilen gyrgyz käninde üç adam öldi


Gyrgyzystanyň Jalal-Abat şäherindäki terk edilen altyn käninde üç gyrgyz raýaty öldi.

Jalal-Abat regional polisiýa departamentiniň metbugat sözçüsi Myktybek Turdubekowyň 16-njy fewralda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bu ýowuz waka regionyň Çatkal etrabynda bolupdyr.

14-nji fewralda Terek-Sai obasynyň bäş ýaşaýjysy altyn gözläp tapmak maksady bilen altyn känine girip, 1 müň metr çemesi ýeriň astyna gidýär. Altyn käniniň içindäki zyýanly gazlar sebäpli özüni ýaramaz duýup başlan bäş ýaşaýjy ýeriň astyndan çykmaga synanyşýar. Emma olaryň üç sanysynyň zyýanly gazdan zäherlenip, şol ýerde heläk bolandygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň çetki nokatlarynda garyp düşen adamlar altyn ýa-da beýleki gazylyp alynýan baýlyklary gözläp tapmak maksady bilen ýygy-ýygydan ýurduň çägindäki terk edilen känlere girmäge synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG