Sepleriň elýeterliligi

Astana: Saýlawlaryň ir geçirilmegi goldanylýar


Gazagystanyň häkimiýetdäki “Nur-Otan” partiýasy ýurtda prezidentlik saýlawlaryny wagtyndan öň geçirmek barada “Gazagystanyň Halk bileleşiginiň” eden teklibini goldady.

16-njy fewralda “Nur-Otan” partiýasy gürrüňi gidýän bileleşigiň inisiatiwasyny doly goldaýandygyny aýtdy.

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Gazagystanyň Halk bileleşigi” özüniň 14-nji fewralda ýaýradan maglumatynda “häzirki syýasatyň dowam etmegini üpjün etmek” we ykdysadyýeti güýçlendirmek üçin prezidentlik saýlawlarynyň wagtyndan öň geçirilmeginiň möhümdigini mälim etdi.

Gazagystanda öňümizdäki prezidentlik saýlawlary 2016-njy ýylda geçirilmeli, emma gürrüňi gidýän bileleşik saýlawlaryň şu ýyl geçirilmegini teklip etdi.

“Gazagystanyň Halk bileleşiginiň” 14-nji fewralda geçiren ýygnagyna Nazarbaýew gatnaşmady.

74 ýaşly Nazarbaýew 1989-njy ýyldan bäri Gazagystany dolandyrýar.

XS
SM
MD
LG