Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: 300 müň çemesi ukrainaly gaçybatalga sorady


Russiýanyň Federal Migrasiýa gullugynyň (FMG) resmisi 300 müň çemesi ukrain raýatynyň Russiýadan wagtlaýyn gaçybatalga ýa-da bosgunlyk statusyny sorandygyny aýtdy.

Russiýanyň Federal Migrasiýa gullugynyň Raýatlyk boýunça departamentiniň başlygy Walentina Kazakowanyň 16-njy fewralda beren maglumatyna görä, Russiýada 260 müňden gowrak ukrain raýaty eýýäm gaçybatalga ýa-da bosgunlyk statusyna eýe boldy.

Rus hökümetiniň ýaýradan bu sanlaryny tassyklatmak başartmady we ukrain hökümeti bu barada maglumat ýaýratmady.

Şeýle-de, Kazakowa 900 müňden gowrak bosgunyň gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistler bilen ukrain armiýasynyň arasyndaky harby konfliktden gaçyp, Russiýa barandygyny belledi.

Kazakowanyň berýän maglumatyna görä, 2014-nji ýylda 70 müň çemesi ukrain raýaty Russiýanyň raýatlygyny almak üçin rus resmilerine ýüzlenipdir.

XS
SM
MD
LG