Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Çaknyşyklar dowam edýär


Kiýew ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň 15-nji fewraldan başlap güýje girendigine garamazdan, soňky 24 sagadyň dowamynda orsýetçi separatistler tarapyndan ukrain güýçlerine 112 sapar ot açylandygyny habar berýär.

Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin özüniň 16-njy fewralda beren maglumatynda Ukraina ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga “doly syn edýär” diýdi we ol “Donetskdäki we Luhanskdaky terrorçylaryň artilleriýa, minomýot we Grad kysymly raketa hüjümlerini amala aşyrýandygyny” belledi.

“Reuters” habar gullugynyň ukrain harbysynyň metbugat sözçüsine salgylanyp berýän maglumatyna görä, gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk güýje gireni bäri ukrain harbysynyň bäş işgäri öldürilipdir we başga-da 25 sanysy ýaralanypdyr.

Kiýew we orsýetçi separatistler hüjümleriň dowam edýändigi sebäpli sebitden agyr ýaraglaryny yza çekip başlamajakdyklaryny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG