Sepleriň elýeterliligi

ÝB 19 adamy gara sanawa goşdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we meşhur aýdymçy Iosif Kobzon.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we meşhur aýdymçy Iosif Kobzon.

Ýewropa Bileleşigi goşmaça 19 adamy we dokuz guramany “Ukrainanyň territorial bütewüligine, garaşsyzlygyna zyýan ýetirmek ýa wehim salmak” sebäpli gara sanawyna goşdy.

Ýewropa Bileleşiginiň wiza gadagançylygyny we bank hasaplarynyň doňdurylmagyny göz öňünde tutýan gadagançylyklarynyň astyna düşen 19 adamyň arasynda Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonow we birinji orunbasary Arkadiý Bahin, şeýle-de Orsýetiň ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysynyň orunbasary Andreý Kartapolow bar.

Döwlet Dumasynyň iki deputaty, şol sanda meşhur aýdymçy Iosif Kobzon we öz-özlerini jar eden Donetsk hem Luhansk halk respublikalarynyň 15 separatisti hem gara sanawa girizildi.

ÝB-niň sanawyna separatistleriň sekiz sany bileleşigi bilen bilelikde “Noworossiýa” jemgyýetçilik hereketi hem girizildi.

Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalar sanawyny ýaýbaňlandyrmak kararyna 24-nji ýanwarda günorta Ukrainanyň Mariupol şäherinde azyndan 29 adamyň ölümine sebäp bolan ok atyşykdan soň gelindi. Häzirki wagtda sanawa Ukrainanyň we Orsýetiň 151 raýaty we 37 sany bileleşigi girýär.

XS
SM
MD
LG