Sepleriň elýeterliligi

Täze "pygamberiň" elini ogşamaga nobat döredi


Täjigistanyň Nurabad obasynyň metjidiniň öňünde.

Täjigistanyň Nurabad obasynyň metjidiniň öňünde.

Täjigistanyň din meseleleri baradaky ýokary guramasynyň baştutany şeýle pikiri öňe sürýär: "Täjigistanly ýaşlaryň Siriýadaky urşa gatnaşmaklarynyň esasy sebäpleriniň biri - olaryň bilim derejesiniň pesligi we emelsiz şerigat ýaşaýşydyr".

Guramanyň baştutany Abdurahym Holikzoda geçen aý Duşenbe şäherinde şeýle çykyş edipdir. Onuň aýtmagyna görä, eger ýaşlar dini ýagşy bilýän bolsalardy, onda beýle urşa gatnaşmazdylar. Ol öz pikirini şeýle beýan edýär: "Ýaşlary Siriýadaky urşa gatnaşmaklyga höweslendirýänler hemme zatdan öň olaryň yslam dininden bihabarlygyndan öz bet maksady üçin peýdalanýarlar".

Holikzoda Täjigistanda ýaşlaryň yslam dini boýunça öz bilmlerini nirede kämilleşdirip biljekdiginden, bu ugurdan nähili mümkinçilikleriň bardygyndan asla söz açmandyr. Munuň Täjigistanda hökümetiň 2010-njy ýyldan bäri yslam bilimini almak isleýänleri raýyndan gaýtarmaga edýän synanyşyklary bilen baglanyşykly bolmagy ähtimal.

Eýse, olar Täjigistanda yslam barada näme öwrenip bilerler?

Gep şuňa gelende, Täjigistanda hakykatdanam yslam dinini bilýän abraýly adamlaryň bardygyny we olaryň hökümetiň tarapynda durýandyklaryny aýratyn bellemek gerek.

Şyh Temur

Şyh Temur

Täze "pygamber" Şyh Temur

Ýöne bu topara degişli edip bolmajaklaryň biri, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň soňky raportlarynyň birinde üsti açylan ýalan pygamber Şyh Temurdyr.

Şyh Temur Täjigistanyň Hissar welaýatynda ýaşaýanlary men pygamber diýip ynandyrypdyr. Ol ýeriň ýaşaýjylary gyzlaryny oňa beripdirler. Üstesine, oňa sowgat hökmünde ummasyz pul hem beripdirler. Temur, eger özüne şeýle sarpa goýulmasa, onda gysgançlara gargyş okajakdygyny aýdypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň web-sahypasyndaky wideolardan aýan bolşuna görä, adamlar şol "pygamberiň" ulagyny elläp, togap etmeklik we onuň elini ogşamak üçin gaty nobata durup, uzyn nobatlary döredipdirler.

Wideolaryň birinde görkezilişine görä, bir topar adam Şyh Temuryň otagyndan çykanlarynda, oňa arkalaryny öwürmezlik, ondan ýüz sowmazlyk üçin onuň ýanyndan götinläp, arkanjaklap çykýarlar. Bu aslynda Orta Aziýada ir döwürlerde bolan gadymy adatdyr. Emma bu adat, esasan, hanlar we emirler höküm sürýärkäler berjaý edilipdir.

Köp adam üçin Şyh Temur bir aldawçy, şonuň üçinem ol häzirki wagtda öý tussaglygynda saklanýar.

Emma Täjigistanda yslam baradaky aň-düşünjäniň ösmändiginiň ýeke-täk sebäpkäri Şyh Temur däl. Bu has hökümet we onuň durmuşa geçirýän syýasaty bilen has köp baglanyşykly ýagdaý.

Režimi goldaýan din

Täjik hökümeti aslynda özboluşly bir yslam aň-düşünjesini isleýär, ýagny yslamdan olara hiç hili howp döremeli däl we din režimi goldamaly. Aslynda bu Orta Aziýada höküm sürýänleriň ençe asyrlardan bäri dowam edip gelýän islegidir. Prezident Emomali Rahmon we onuň hökümeti bolsa munuň diňe bir ahyrky halkasydyr.

Eýýäm on ýyldan köp wagtdan bäri täjik hökümeti, bikanun iş alyp barmaklykda aýyplap, metjitleri ýapýar. Şeýle sebäpden ýapylan metjitleriň sany ýüzlerçe.

2013-nji ýylyň ahyrynda Täjigistanyň demirgazygyndaky Sogd welaýatynda dokuz medreseden bäş sanysy ýapylypdyr. Bu bolsa ýaşlaryň yslam dinini öwrenmekligini hasam kynlaşdyrypdyr. Täjigistanyň ilatynyň ýüzden 40 bölegi şol welaýatda ýaşaýar.

Şol bir wagtyň özünde Täjigistanyň beýleki welaýatlarynda hem medreseler ýapylypdyr. Dini öwrenmek isleýänler üçin ýeke-täk ýer - paýtagt Duşenbedäki Yslam uniwersiteti we Yslam gimnaziýasydyr. Täjigistanly ýaşlardan bu ýylyň başynda takmynan 400 adam okuwyny taşlapdyr, 348 adam bolsa okuwdan daşlaşdyrylypdyr.

Juma ybadatlarynda prezident mahabatlandyrylýar

2011-nji ýylda kabul edilen kanuna görä, 18 ýaşyna ýetmedikler juma ybadatlaryna gatnaşyp bilenoklar. Juma ybadatlaryna zenanlaryň hem gatnaşmaklygy bolsa 2004-nji ýyldan başlap gadagan edilipdir.

Soňky dörän ýörelgä laýyklykda bolsa, Täjigistanda ymamlar toplumy ylaýta-da prezident Emomali Rahmony ürç edip mahabatlandyrýarlar.

2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Täjigistanyň ”Yslamy ösüş partiýasynyň” ýolbaşçysy Wohidhon Kosiddinow ymamyň ybadatyna goşulyşmaklygy sebäpli polis tarapyndan tussag edilipdir. Ol ybadat edilýän mahaly ymam prezidenti mahabatlandyryp başlanda garşylyk görkezipdir.

Täjigistandaky ýaşlaryň esasy nägileligi ymamlaryň döwrebap ylymlardan bihabarlygy bilen baglanşykly. Olaryň bar bilýäni - yslamyň taryhy baradaky gürrüňler. Dünýädäki döwrebap üýtgeşiklikler we meseleler olar üçin aýdyň däl.

Şonuň üçinem Holikzoda "dini ýagşy öwrenmeklik' we "Yslamdan bihabarlyk" babatda söz açanda, hut döwletiň öz syýasatynyň bu ugurda ullakan problema bolup durýandygy barada dil ýarmakdan gaça durýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG