Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: “Gaba hem-de kindiwan”


Karikatura.

Karikatura.

Gaba hem-de kindiwan

Kelte kyssa

Dogry, “Türkmene gabaragy” diýen söz-ä bar. Ony köpler “Gaba telpek” diýlende ulanýar. Eý-ho, gaba telpekliler-ä indi belet bolarça bolduk. Wezipeliniň öňünden sozanguýruk bolup ylgap çykyp, oň alnynda sazanaklap, sakawlap durlar. Haýwanyň-da gabasy bar. Meselem, düýe haýwanyň gabasy. Baý-bu, bu haýanyň gabasy düýe-de gaba telpeklileriň ekiztaýy. Owsaryny eşegiň gaňnasyna ilteseň, eşegiň yzyna düşüp, mytdyldap barýar. Owsaryny syçanyň guýrugyna bent etseň, syçanyň aýagyna eýerip, loňkuldap barýar.

Aý, ýok, gabalaryň bolşy maňzyňa batanok. Gel, gowusy, “Dile geldi…” kiçi, kindiwan syçanyň gürrüňini edeli! “Syçanyň-da gürrüňi bolarmy?” diýme! Gözüm bilen gören, gulagym bilen eşiden bir wakamy gürrüň bereýin. Gaba, ýagny äpet pişik amatyny peýläp, syçany tutdy. Awynyň keýpini görmek üçin onyň eňsesinden tutup, pişik boýunyň beýikligine galdyrdy. “Ýaşasyň gelýärmi?” diýip, ýarym kinaýa, ýarym hemle bilen myrlady. Jany karkara gelenem bolsa syçan ekezlenip:

-Kim bilen ýaşamaly? Sen-ä wagşy, sen bilen bir ýassyga baş goýup ýaşajak däl -diýdi. Gazaba münen gaba pişik “Kim wagşy?” diýip, gazaply mawlady. Ýöne ony syçan eşitmedi. Sebäbi pişik mawlamak üçin äňini gowşadanda syçan gaçmaga ýetişipdi. Görseň, kindiwanjalar zorjadyr. A-how, gaşlaryňy büzüp, ondan üçlük (3) sanyň suratyny çekip “Türkmene gabaragy” diýmesene! Ýaňky pişigem gaba-da. Daş sypaty dagy agyn gaplaňa meňzäp durandyr. Meňzände näme?! Onuň ata-babasy, ene-mamasy kümsüklige baş goşupdyr. Şeýdibem gaplaň çykman, gaba pişik bolupdyr. Beý, seniňki boljak däl-ow... Ýene-de “Gaba” diýip, ýer depýäň. Bolýar, gaba hakda gürle, diňlemäge gulagymyz sag, wiý, jam ýaly bolsun.

Täze türkmenler

Kelte kyssa

SSSR dargady. Bir SSSR-iň öwezine 15 sany döwlet döredi. Her döwletde “Täze …” diýilýän, meselem, Orsýetde “Täze ruslar” diýilýän gatlak-“Bratanlar” döredi. Biziňkiler bolsa “Biz bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmenler. Oguz han atamyzdan galan ýoldan ýöreýäs. Bizde “Täze türkmenler” ýok” diýýärler. Men bu diýilýän bilen ylalaşamok. Bizde “Täze türkmenler” bar. Oňa güwä geçýän 99 alamat bar.

“Täze türkmendigiňe” güwä geçýän 1-nji alamat ýa-da “Täze türkmen” bolmagyň 1-nji şerti: ak köýnek geýip, gara galstuk dakynmaly; Başyňa ak telpek, egniňe gyzyl don geýip, biliňe tirme guşak guşanmaly; Jalbar (balak), ylaýta-da aýakgap babatynda ýörite talap, şert ýok. Aýagyňa bosonožka (aýakýalaň geýilýän sandal) geýseň-de bolýar. Şulary berjaý eden bolsaň ýa-da haçan hem bolsa bir wagt berjaý etseň, adyňy abraý bilen götermek nesip etsin, SEN TÄZE TÜRKMEN!

“Täze türkmendigiňe” güwä geçýän 2-nji alamat ýa-da “Täze türkmen” bolmagyň 2-nji şerti: Kelläňe tahýa geýip, üstüňdenem sypal şlýapa geýmeli. Galan egin-eşik babatynda ýörite talap, şert ýok. Şu şerti berjaý eden bolsaň ýa-da haçan hem bolsa bir wagt berjaý etseň, adyňy abraý bilen götermek nesip etsin, SEN TÄZE TÜRKMEN!

Galan 97 alamat, şerti aýtmak niýetim ýok. Sebäbi men kesanasyna tutan aýdyjyňyz däl. 2 şerti-de mahabat-reklama bolsun diýip aýtdym. “Täze türkmenler” klubuny döretmek niýetim bar. Şoňa agza bolsaňyz, agzalyk tölegini töleseňiz, sizden pynhan zadym ýok, ählisini aýan-äşgär ederin.

Aý, bolýar, munça bolanyna görä ýene bir zady aýdaýyn. “Bratanlar-da”, “Täze türkmenler-de” Olýa atly gyzamy ýa-da geline aşyk bolupdyr. Ikisem üýşmeleň bolsa “OLE, OLE” diýip çasly gygyrýar. “Bratanlar” bilen işim ýok. “Täze türkmenlere” gaharym gelýär. Ýurdumyzda söýgi azat. Söýýäniň çyn bolsa “OLE” nämä gerek? “OLÝA, OLÝA” diý-de zowladyber-dä. Dogry-da walla, TÄZE TÜRKMENLER!

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.

XS
SM
MD
LG