Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Nawalnyý has köp ýyla höküm edilmeli


Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnyý we onuň aýaly Ýuliýa. 17-nji fewral, 2015 ý.

Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnyý we onuň aýaly Ýuliýa. 17-nji fewral, 2015 ý.

Russiýanyň prokurorlary ogurlyk işi boýunça Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnyýnyň we onuň erkek dogany Olegiň 10 we sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini soraýarlar.

Geçen ýyl Nawalnyý we onuň dogany 2008-2012-nji ýyllar aralygynda iki firmadan 30 million rubly, ýagny 500 müňe golaý amerikan dollaryny ogurlamakda höküm edilipdiler.

Moskwanyň sudy Olegi 3 ýarym ýyl türme tussaglygyna, Nawalnyýny 3 ýarym ýyl şertli tussaglyga höküm edipdi.

Soňra prokurorlar Nawalnyý we onuň doganynyň sud işi bilen baglanyşykly örän geçirimli bolandyklaryny aýdyp, suduň çykaran hökümini şikaýat edipdiler.

17-nji fewralda geçirilen sud diňlenişiginde Nawalnyýnyň aklawçylary iki dogana garşy ýöňkelýän ähli aýyplamalaryň güýçden gaçyrylmagyny soradylar.

XS
SM
MD
LG