Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjümde bäş adam öldi


Pakistanyň Lahor welaýatyndaky polisiýa bölüminiň golaýynda janyndan geçeniň bombany partlatmagy netijesinde azyndan bäş adam öldi.

Punjab welaýatynyň saglyk ministri Hawaja Salman Rafik 17-nji fewralda bolan partlamada başga-da azyndan 23 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Howpsuzlyk resmileriniň berýän maglumatyna görä, bombaçy Lahordaky polisiýa bölüminiň esasy girelgesine tarap ýöräp, ofiserlere golaýlan mahaly partladyjy serişdelerini ýarypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Pakistandaky Talyban” hereketiniň bir topary öz üstüne aldy.

“Jamaat-ul-Ahrar” topary bu hüjümiň ýakynda Pakistanyň hökümeti tarapyndan öz toparynyň käbir agzalarynyň dardan asylmagyna gaýtawul hökmünde amala aşyrylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG