Sepleriň elýeterliligi

'Tussag oglum bilen gözýaş edip duşuşýaryn'


Türmäniň howlusy

Türmäniň howlusy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy fewralda käbir hökümet ýolbaşçylary bilen geçiren ýygnagynda, ýetip gelýän baýdak baýramy mynasybatly geçirlmeli günä geçişlik permanyna gol goýdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanda türmede ýatan adamlaryň sany hakda hiç hili maglumat berilmeýär, emma resmi bolmadyk hasabatlara görä, türmelerde tussaglaryň sany bolmalysyndan agdyklyk edýär.

Şeýlede türme tussaglygyna höküm edilen adamlaryň hossarlary tussaglykdaky ýakynlarynyň yzyndan baranlarynda dürli kynçylyklara duçar bolýandygyny hem aýdýarlar.

Özüni Şekersoltan diýip tanadan Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy hemem öňki tussagyň ejesi, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde öz başyndan geçiren tejribeleri barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowanyň geçiren bu söhbetdeşligini diňlemek üçin şu sepe basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG