Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Ýaraşyga garamazdan ok atylýar


Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň artilleriýasy, Debaltsewe şäheriniň golaýynda, 17-nji fewral, 2015.

Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň artilleriýasy, Debaltsewe şäheriniň golaýynda, 17-nji fewral, 2015.

Ukrain hökümetiniň we orsýetçi separatistleriň söweş liniýasyndan agyr ýaraglaryny yza çekip başlamagy ilkibaşdan şowsuzlyga uçrady. Ýurduň gündogarynda söweşler dowam edýär.

Geçen hepdede Belarusyň paýtagty Minskde gelnen ylalaşyklaryň ikinji tapgyryna laýyklykda, taraplar 17-nji fewralda gündogar Ukrainada söweşleriň barýan liniýasyndan tanklary, artilleriýa toplaryny we raketalary yza çekip başladylar.

15-nji fewralda güýje giren bu ýaraşyga giňişleýin syn edilýär.

Emma hökümet güýçleriniň we pitneçileriň durnuksyz Debaltsewo şäheriniň ýanynda we golaýdaky demirýol stansiýasynda 17-nji fewralda güýçli söweşleri alyp barýandygy habar berilýär.

Harbylaryň aýtmagyna görä, Ukrainanyň goşunlary gozgalaňçylaryň hüjümine garşy pozisiýa eýeläpdirler.

Soňky söweşler

Emma Orsýetiň täzelikler agentlikleri, olaryň özlerine salgylanyp, pitneçileriň şäheriň agramly bölegine gözegçilik edýändigini, habar berýärler.

Mundan öň Ukrainanyň harbylary özleriniň Debaltsewonyň daşyndaky pozisiýalaryna gije gozgalaňçylar tarapyndan 15 gezek hüjüm edilendigini aýtdylar.

Kiýew soňky 24 sagadyň dowamynda, esasan Debaltsewonyň daşynda, hökümet güýçlerinden bäş esgeriň öldürilendigini we 14-siniň ýaralanandygyny mälim etdi.

Debaltsewo - separatistleriň gözegçiligindäki Donetsk regionynda formal taýdan ukrain hökümetiniň gözegçiliginde galýan uly bolmadyk ýer.

Separatistler öz gezeginde Donetskde soňky 24 sagadyň dowamynda ukrain goşunlarynyň ýaraşygy 17 gezek bozandygyny habar berýärler. Olar Ukrainanyň harbylaryny Donetskiniň aeroportuny oka tutmakda aýyplaýarlar.

Günorta Ukrainadaky port şäheri bolan Mariupolyň golaýynda hem söweşleriň barýandygy habar berilýär.

Halkara gözegçiligi

ÝHHG-niň Ukrainadaky ýörite gözegçiler missiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Aleksandr Hug 16-njy fewralda Kramatorskda geçiren metbugat konferensiýasynda şeýle diýdi: “Biz häzirki wagtda ok atyşygy bes etmek baradaky ýaraşygyň doly derejede ýa-da hemmetaraplaýyn berjaý edilmeýän territoriýalaryň Donetsk, Debaltsewo şäherlerindedigini we Luganskda hem onuň daşyndadygyny habar berdik”.

Berlinde Germaniýanyň hökümetiniň metbugat wekili Orsýetiň, Ukrainanyň we Germaniýanyň liderleriniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gözegçilerine ok atyşygy bes etmek baradaky ynjyk ýaraşyga gözegçilik etmek boýunça “takyk çäreler” boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny habar berdi.

Steffen Seibertyň aýtmagyna görä, agzalan çäreler 16-njy fewralda agşam telefon söhbetdeşliginiň netijesinde ylalaşylypdyr.

Seibert Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini “ok atyşygyň bes edilmegini gazanmak üçin separatistlere öz täsirini ulanmaga” çagyrandyklaryny habar berdi.

Waşingtonda Döwlet departamentiniň metbugat wekili ABŞ-nyň “Debaltsewodo we onuň daşynda ýagdaýyň dartgynlaşmagy bilen baglylykda düýpli aladalanma bildirýändigini” aýtdy.

Ylalaşygyň maksady we şertleri

Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda Minskde gelnen ylalaşykda söweşleriň barýan ýerinden agyr ýaraglaryň yza çekilmeginiň iki hepdäniň dowamynda tamamlanmagy we 140 kilometrlik bufer zonasynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Ukrainanyň, Orsýetiň, Germaniýanyň we Fransiýanyň arasynda geçirilen gepleşikler 10 aýyň dowamynda 5 500 adamyň ölümine sebäp bolan konfliktiň soňuna çykmak maksadyna gönükdirilen.

Konfliktdäki taraplaryň ikisi-de hüjümleriň dowam edýändigi sebäpli agyr ýaraglaryny front liniýasyndan çekmejekdiklerini tekrarlaýarlar.

XS
SM
MD
LG