Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“YD” 45 adamy otlap öldürdi diýilýär


Yragyň günbataryndaky al-Bagdady şäherçesiniň ýerli polisiýa başlygy “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň 45 adamy otlap öldürendigini habar berýär.

Bu çäräniň näme sebäpden amala aşyrylandygy henize çenli nämälim bolup, polkownik Kasim al-Obeýdiniň 17-nji fewralda beren maglumatyna görä, ol wakada pida bolan käbir adamlaryň ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň agzasydygyna ynanýar.

Şeýle-de, ol howpsuzlyk işgärleriniň we ýerli resmileriň maşgalalarynyň ýaşaýan ýaşaýyş jaý giňişliginiň häzirki wagt howp astyndadygyny aýdyp, Yragyň hökümetinden we halkara jemgyýetinden ýardam sorady.

Gürrüňi gidýän sebitde aragatnaşyk ulgamynyň pesdigi we çaknyşyklar sebäpli bu maglumaty henize çenli tassyklatmak başartmady.

Şol bir wagtyň özünde geçen hepde “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri “Ain al-Asad” howa bazasynyň golaýyndaky al-Bagdadi şäherçesiniň birnäçe sebitlerini ele salypdylar.

XS
SM
MD
LG