Sepleriň elýeterliligi

Ukrain güýçleri Debaltseweden çekilýär


Ukrain prezidenti Petro Poroşenko hökümet güýçleriniň gündogar şäher Debaltseweden «planly we guramaçylykly» çykarylmagynyň jemlenendigini aýtdy, bu şäher ukrain güýçleri bilen orsýetçi jeňçileriň söweşiniň merkezinde ýerleşýär.

"Häzir biziň goşun birikmelerimiziň 80 prosenti ol ýeri terk etdi» diýip, Poroşenko aýtdy we ýene iki kolonnanyň çykarylmagyna garaşylýandygyny sözüne goşdy.

Geçen hepde ýewropa liderleriniň araçylyk etmeginde baglaşylan we 15-nji fewralda güýje girmeli ýaraşyga garamazdan, Debaltsewede, pitneçileriň elindäki Donetsk we Luhansk şäherlerini birikdirýän esasy transport ulgamynda duşmançylyklar dowam edýär.

Hökümetçi harby bölümiň komandiri Mikola Kolesnik ukrain goşunlarynyň ol ýerden çykýandygyny tassyklady, emma olaryň hemmesiniň çykmaýandygyny aýtdy.

"Biz diňe şäheriň içinde we töwereginde daşy ilatly ýerler bilen gurşalan goşun birikmeleri barada gürrüň edýäris» diýip, ol 112 telewizion kanalyna beren gürrüňinde aýtdy.

Başga bir hökümetçi batalýona komandirlik edýän Semýon Semençenko, ukrain deputaty bolsa, öz feýsbuk sahypasynda pitneçileriň Debaltseweden çykýan ukrain goşunlarynyň ýoluny baglamaga synanýandygyny ýazdy.

Gözi bilen gören şaýatlara salgylanyp, ukrain goşunlarynyň onlarça tankynyň we kolonnasynyň Debaltsewden çekilýändigi habar berildi.

Separatist liderler hem öz söweşijilerini we toplaryny front liniýasynyň käbir böleklerinden yza çekýändiklerini aýtdylar.

Olar ýüzlerçe ukrain esgeriniň ýesir düşendigini hem aýtdylar, Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi bolsa, onlarça ukrain esgeriniň pitneçiler tarapyndan oba gapdalyndaky ýoldan ugradylyp barlyşyny görkezdi.

Ukrain häkimiýetleri Debaltsewede esgerleriň ýesir alnandygyny tassyk etdiler, emma olaryň näçesiniň tutulandygyny aýtmadylar.

Halkara ýazgaryşlary

NATO-nyň baş sekeretary Jens Stoltenberg Riga, ÝB-niň goranmak ministrleriniň ýygnagyna gelende, žurnalistleriň öňünde şeýle diýdi:

"Men Orsýeti gündogar Ukrainadaky ähli güýçlerini ol ýerden çykarmaga, separatistlere berýän ähli goldawyny togtatmaga, Minsk şertnamasyny hormatlamaga, şeýle-de özüniň separatistlere bolan ähli täsirini ulanyp, olaryň ylalaşyk şertnamasyny hormatlamagyny gazanmaga çagyrýaryn."

Berlinde german kansleri Angela Merkeliň sözçüsi Steffen Seibert Germaniýa separatistleriň Debaltsewedäki hereketlerini, soňky baglaşylan ýaraşygyň bozulmagy hökmünde, berk ýazgarýar diýdi.

Fransuz hökümetiniň sözçüsi Stephane Le Foll ýaraşyk ylalaşygy «ölmedi» diýdi we öz ýurdunyň ony «diri saklamak» üçin elde baryny etjegini aýtdy.

Rus, ukrain, german we fransuz liderleriniň 18-nji fewralda Ukrainadaky ýagdaýy maslahatlaşmak üçin telefon maslahatyny etmegine garaşylýar.

Bu wakalar rus prezidenti Wladimir Putin Debaltsewedäki ukrain goşunlaryny tabyn bolmaga çagyrandan soň bolup geçýär.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 18-nji fewralda Moskwada ýaraşygyň tas ähli frontda, Debaltseweden başga ýerde saklanýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Debaltsewedäki ýagdaýyň Ukrainadaky parahatçylyk prosesini böltemek üçin ulanylmaly däldigini belledi.

Biraz öň ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Orsýeti Minsk şertnamasyny bozmakda aýyplady.

Şu arada Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler başlygy Federika Mogherini pitneçileriň şähere hüjüm etmegini, ýaraşygy göz-görtele bozmak hökmünde, ýazgaryp çykyş etdi.

«Bu töweregi terk etmek isleýänleriň hemmesine howpsuz geçelge üpjün edilmelidir» diýip, onuň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de ol ÝHHG-nyň Ýörite gözegçilik missiýasynyň Debaltseweniň içinde we töwereginde öz gozegçilik işini amala aşyrmagyna haýal etmän mümkinçilik berilmegine çagyrdy.

"Şerti Ukraina bozýar"

Jeňçiler ukrain güýçleriniň özleriniň ýaraşyk şertlerini bozýandyklaryny aýdýarlar we ylalaşygyň Debaltseweni öz içine almaýandygyny öňe sürýärler. Olar bu şäher pitneçileriň elinde we ýaraşyk şertnamasyna girmeýär diýýärler.

Pitneçiler ÝHHG-nyň ýaraşygyň ýerine ýetirilişine syn etmeli gözegçileriniň Debaltsewe töweregine girmeginiň öňüni beklediler.

Gündogar Ukrainadaky konflikt, BMG-niň hasaplamalaryna görä, 5600-den gowrak adamy öldürdi we milliondan gowrak adamyň ýaşaýan ýerinden bosmagyna sebäp boldy.

Şeýle-de ol ýurduň senagatçylyk merkezini harabaçylyga öwürdi.

Donetsk regionyndaky pitneçiler 18-nji fewralda Ukrainanyň ýokary ýolbaşçylarynyň garşysyna jenaýat işini gozgandyklaryny aýtdylar.

Şu aralykda Kanada Moskwa we onuň Ukraina konfliktindäki raýdaşlaryna garşy goşmaça sanksiýalary girizdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG