Sepleriň elýeterliligi

Astana: Saýlawlaryň wagt möhleti kesgitlenilmeli


Gazagystanyň parlamentiniň aşaky öýi Nursultan Nazarbaýewi ýurtda wagtyndan öň geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň wagt möhletini kesgitlemäge çagyrdy.

18-nji fewralda Gazagystanyň Mejlisiniň ähli agzasy şu ýyl geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna Nazarbaýewiň gaýtadan dalaş etmegini teklip edýän resminamany goldap ses berdi.

Gazak parlamentiniň ýokarky öýüniň hem bu teklibi goldamagyna garaşylýar.

Gazagystanda öňümizdäki prezidentlik saýlawlary 2016-njy ýylda geçirilmeli, emma “Gazagystanyň Halk bileleşigi” saýlawlaryň şu ýyl geçirilmegini teklip etdi.

Bu bileleşik ýurtda “häzirki syýasatyň dowam etmegini üpjün etmek” we ykdysadyýeti güýçlendirmek üçin prezidentlik saýlawlarynyň wagtyndan öň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

XS
SM
MD
LG