Sepleriň elýeterliligi

Ukrain goşuny Debaltseweden çykýar


Ukrain prezidenti Petro Poroşenko hökümet güýçleriniň gündogar şäher Debaltseweden "planly we guramaçylykly" çykarylmagynyň jemlenendigini aýtdy. Bu şäher ukrain güýçleri bilen orsýetçi jeňçileriň söweşiniň merkezinde ýerleşýär.

"Häzir biziň goşun birikmelerimiziň 80 prosenti ol ýeri terk etdi» diýip, Poroşenko aýtdy we ýene iki kolonnanyň çykarylmagyna garaşylýandygyny sözüne goşdy.

18-nji fewralda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň “anyk bozulmagy” diýip, gozgalaňçylaryň Debalsewe garşy amala aşyran hüjümlerini ýazgardy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýaraşyk ylalaşygynyň Debalseweden daşgary ähli söweş liniýalarynda ýerine ýetirilýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG