Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanada täze sanksiýalary girizdi


Kanada Ukrainadaky konflikt sebäpli Moskwa we onuň tarapdarlaryna garşy goşmaça sanksiýalary girizdi.

17-nji fewralda yglan edilen täze ykdysady sanksiýalarda Russiýanyň we Ukrainanyň 37 raýaty, şeýle-de 17 sany rus we ukrain guramasy, şol sanda Russiýanyň “Rosneft” nebit kärhanasy nyşana alynýar.

Bu çäre Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlykda alnyp baryldy. Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar gündogar Ukrainadaky separatistleri harby taýdan goldany üçin diýip, Russiýa garşy eýýäm sanksiýalary girizdiler.

Geçen ýylyň aprel aýyndan bäri gündogar Ukrainadaky çaknyşyklarda 5 350 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG