Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan "ganaýan ýaradan" söz açdy


Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň gyzy Sümeýýe Erdogan - 2014
Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň gyzy Sümeýýe Erdogan - 2014

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan zenanlaryň zorlanmagyny ýurduň "ganaýan ýarasy" diýip atlandyrdy. 20 ýaşyndaky Özgejan Aslan diýen gyzyň zorlamaga synanyşan adam tarapyndan pyçaklanyp öldürilmegi ýurtda uly nägileligi döretdi.

"The Guardian" gazetiniň ýazmagyna görä, geçen ýyl Türkiýede zenanlary zorlamaklyk hasam artypdyr. Ondan soň syýasatçylar zenanlara edilýän hüjümlere zalymlyk hökmünde baha berip, ýazgarypdylar.

Ýörgünli sahypalar

Özgejan Aslan atly şol gyz geçen çarşenbe güni Türkiýäniň Mersin diýen şäherinde mikroawtobusda öýüne gaýdyp gelýärkä ulagyň sürüjisi ony zorlamak isläpdir. Gyz bolsa jübüsindäki gaz balony onuň ýüzüne sepip, garşylyk görkezipdir. Ol adam bolsa, pyçaklap, ony tä ölýänçä urup-ýenjipdir. Soňra-da kakasydyr inisi bilen, üç bolup, ol gyzyň meýdini ýakyp, ýaba zyňypdyrlar.

26 ýaşyndaky bu jenaýatkär soňra öz kömekçileri bilen bilelikde tussag edilipdir. Şondan soň sosial ulgamlardaky #sendeanlat we #OzgecanAslan sahypalary giňden ýörgünli boldy. Zenanlar şol sosial ulgamlardaky sahypalarynda durmuşda ýüzbe-ýüz bolýan erbetliklerini hem başdangeçirmelerini ýazmaga, gürrüň bermäge başlapdyrlar.

Türkiýäniň prezidenti Erdogan aýaly bilen bilelikde onuň jaýlanyşyna gatnaşypdyrlar we gyzyň hossarlaryna we maşgalasyna duýgudaşlyk bildiripdirler.

Duşenbe güni Ankarada prezident Erdogan: "Hut özüm bu işi yzarlajak. Olara iň agyr jeza beriljekdir. Zenanlary zorlamaklyk ýurdumyzyň "ganaýan ýarasydyr" diýdi.

Bir ýylda 281 zenan öldürilipdir

”Bianet” adam hukuklary toparynyň bildirmegine görä, 2014-nji ýylda Türkiýede 281 zenan öldürilipdir. Bu san owalkylar bilen deňeşdirilende ýüzde 31 göterim köpdür. Toparyň maglumatyna görä, olaryň ýüzden 9 göterimi döwletden gorag soranlar bolupdyr. Döwletiň ol zenanlary ýeterlik derejede gorap bilmändigi giňişleýin tankytlara uçrady.

Zenan guramalary, aýal-gyzlaryň jemgyýetde deňhukuklylyga mynasyplygyna Erdoganyň özüniň ynanmaýanlygy üçin olaryň äsgermezçilik edilmegine hem garşy çykmaýandygyny aýdyp, ony ýazgarýarlar.

Käbir syýasatçylar bu iş bilen baglanyşykly ýurtda ölüm jezasyny gaýtadan girizmäge çagyrýarlar.

Stambulyň ”Feminist kollektiwi” guramasy bolsa bu temadan tapawutly tutumda şeýle garaýşy beýan edýär: "Gepleşikleriň köpüsi bu temada öňegidişlik boljakdygy babatda umyt döredenok. Çünki syýasatçylar, toparlar, ylaýta-da hökümet Özgejanyň öldürilmeginde öz jogapkärçilikleriniň bardygyny ykrar etmek islemeýärler". Guramanyň garaýşyna görä, ölüm jezasynyň täzeden girizilmegine çagyrýanlar näme üçindir zenanlaryň garşysyna zorluk ulanylanda, herekete geçip bilenoklar.

Kadyrow saýlama esgerleriň tälim merkezini açýar

Çeçenistanyň prezidenti Russiýadan we başga ýerlerden geljek saýlama esgerler üçin halkara tälim merkezini döredýär. Joshua Kucera www.eurasianet.org internet sahypasynda şeýlelik-de Russiýanyň özüniň saýlama esgerlere berilýän tälimi dünýä hödürlemek isleýändigini ýazypdyr.

Prezident Ramzan Kadyrow "Izwestiýa" gazetine beren beýannamasynda, merkeziň Gudermes şäherinde guruljakdygyny we gerekli serişdäniň ýylyň ahyryna çenli belli boljakdygyny aýdypdyr.

”Izwestiýa” gazetiniň ýazmagyna görä, Belarusdan we Gazagystandan saýlama esgerleriň şol merkezde tälim almaklygy üçin gepleşikler alnyp barylýar. Latyn Amerika we owalky sowet ýurtlary hem beýleki müşderiler bolup durýar.

Çeçenistanyň halkara terrorçylyga garşy göreşde ummasyz tejribesi bolansoň, bu ugurda ösen tilsimleri öwredip biljekdigi aýan edilýär. Kadyrowyň aýtmagyna görä, şeýle merkez ýörite kadalara görä maliýeleşdiriler we tälimden peýdalanan ýurtlar şertnama laýyklykda töleg tölärler.

”Izwestiýa” gazetiniň bellemegine görä, bu mysal Iordaniýanyň şasy Abdullanyň "Ýörite harby hereketler tälim merkezini" ýada salýar. Ol ýer saýlama esgerleriň Disneýlendi diýip hem atlandyrylýar.

Moskwa Orta Aziýada howpsuzlyk ygtyýaryny ýitirýärmi?

"Soňky ýyllar Orta Aziýada iň esasy hem çylşyrymly sowallardan biri sebitde Hytaýyň howpsuzlyk komponenti bilen baglanyşyklydyr. Pekiniň sebitdäki ykdysady hökmürowanlygy hemmelere äşgär. Hytaý infrastruktura ösüşi we gaz tranziti bilen Russiýany sebitiň esasy ykdysady we energiýa güýji bolmaklykdan çetleşdirýär.

Orsýetiň 2008-nji ýyldan başlap Orta Aziýadan tebigy gaz eksporty ýüzden 75 göterim azalypdyr. Hytaý bolsa sebitde onuň deregine esasy müşderä öwrüldi". Muny Casey Michel www.thediplomat.com atly internet sahypasyndaky makalasynda ýazypdyr.

Dogrudanam, Moskwa Orta Aziýanyň esasy howpsuzlyk başlygy bolup galýar. Ýöne bulam üýtgäp biler. ”Want China Times” gazetiniň ýazmagyna görä, Hytaý Özbegistana we Türkmenistana HQ-9 kysymly ýerden howa atylýan raketalary satmaklyk bilen, ol ýurtlardan alýan tebigy gazynyň tölegini azaltmaklygy göz öňünde tutýar.

Awtoryň nygtamagyna görä, Moskwanyň Aşgabat we Daşkent bilen gatnaşyklary çynlakaý derejede gowşanam bolsa, Orsýet bu sebiti öz garamagyndaky ýer hasaplaýar. Ýöne, Amerika we Hytaý bilen bolan harby ylalaşyklar göz öňünde tutulanda, Özbegistanyň şeýle täsiriň astynda uzak galjakdygy o diýen ynandyryjy däl. Tersine, Hytaýyň harby täsiri bolsa has çynlakaý.

XS
SM
MD
LG