Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan 'Gazpromdan' näme üçin nägile?


Azerbaýjanyň Nebit barlaglary merkeziniň müdiri Ilham Şaban, chief of the center of oil surveys, 04Jun2013

Azerbaýjanyň Nebit barlaglary merkeziniň müdiri Ilham Şaban, chief of the center of oil surveys, 04Jun2013

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň resmi websaýtynda Orsýetiň ”Gazprom” kompaniýasy “durnuksyz partýor” diýlip atlandyrylýar we onuň hökümetara we pudagara ylalaşyklary bozýandygy aýdylýar. Orsýetiň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini şu ýyl azaldyp, 11 milliard kubometrden 4 milliarda getirmek planynyň resmi derejede yglan edilmeginiň yz ýany türkmen tarapynyň çap eden beýannamasy nämäni aňladýar?

Azatlyk Radiosy bu sowal bilen energiýa meseleleri boýunça azerbaýjanly bilermen Ylham Şabana ýüzlendi.

Azatlyk Radiosy: Ylham Türkmenistanyň resmi websaýtynda Orsýetiň ”Gazprom” kompaniýasyny “durnuksyz partnýor” diýip häsiýetlendirýän makalanyň edil häzir çap edilmegi nämäni aňladýar? Siz muňa nähili düşünýärsiňiz?

Ilham Şaban: Elbetde, Orsýetiň gaz monopolisti “Gazpromyň” özüni alyp barşy Türkmenistanyň göwnünden turmaýar. Sebäbi garaşsyzlygynyň başyndan bäri Türkmenistanyň gaz söwdasy boýunça esasy partnýory bolan bu ýurt şu ýylyň dowamynda satyn aljak bolýan türkmen gazynyň möçberini ýene azaldyp, ýakynda diňe 4 milliard kubometr bilen çäklenmek kararyny yglan etdi. Bu möçberiň hem öň ylalaşylan şertlerde satyn alnyp-alynmajagy entek belli däl. Elbetde, bu resmi Aşgabadyň bähbitlerine öz täsirini ýetirýär.

Türkmenistan geçen ýylyň aýagynda gaz önümçiliginiň möçberini ýylda 83 milliard kubometre çenli artdyrmak, eksportynyň möçberini bolsa 48 milliard kubometre çenli artdyrmak planyny yglan etdi. Meniň pirkimçe, Orsýetiň satyn aljak türkmen gazynyň möçberini şu ýyl azaltmak planlary hem türkmen hökümetiniň önümçilik we eksport derejelerini artdyrmak planlaryna öz täsirini ýetirer. Sebäbi Eýran öz gaz önümçiligini artdyryp, Türkmenistandan has köp gaz satyn almagy göz öňünde tutmaýar. Hytaýa tarap eksportyň möçberiniň-de şu ýyl geçen ýylky derejesinde saklnamagyna garaşmak mümkin.

Şeýlelikde Türkmenistanyň resmi maglumaty, meniň pikirimçe, ýurduň bu ýagdaýdan nägileliligini görkezýär we Orsýete tarap eksportyň indiki ýylda hatda 4 milliard kubometre hem ýetmejeginden howatyrlanýandyny habar berýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Orsýete satan tebigy gazynyň bahasy barada sizde maglumat barmy?

Ilham Şaban: Türkmenistanyň gazyň her müň kubometrini Orsýete 250 amerikan dollaryna satýandygy barada maglumat bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen gazynyň Orsýete tarap eksportynyň şu ýyl 11 milliard kubometrden 4 milliard kubometre getirilmegi Türkmenistana ykdysady taýdan nähili täsir ýetirip biler?

Ylham Şaban: Eger hasaplap görsek, gazyň bir milliard kubometriniň bahasy 250 amerikan dollary möçberinde bolsa, şu ýyl Orsýete akdyryljak gazyň möçberiniň 7 milliard kubometr möçberde azalmagy Türkmenistanyň girdejisiniň 1 milliard 750 million amerikan dollary möçberinde kemeljekdigini aňladýar. Bu Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin maddy taýdan duýarlykly bir täsir.

Azatlyk Radiosy: ”Gazpromyň” Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gaz satyn almagyny çäklendirmegi näme bilen bagly?

Ylham Şaban: ”Gazpromyň” şu ýyl boýunça çap eden öz çaklamalaryna görä, Ýewropa akdyrylýan gazyň bahasy 15% peseler. Bu ýagdaý onuň başga ýurtlardan satyn alýan gazynyň möçberini azaltmak kararyna sebäp bolan bolmaly. Sebäbi bu ýurtlar bilen ylalaşylan ozalky baha “Gazpromy” kanagatlandyrmaýar, tranzit çykdajylary hem türkmen gazynyň bahasyny gymmatladýar. Şeýlelikde türkmen gazy girdeji taýdan amatsyz haryda öwrülýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG