Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Belarus aktiwistiniň tussaglyk möhleti uzaldylyp bilner


Tussaglykdaky belarus aktiwisti Mikalaý Dzýadok özüniň türme möhletiniň uzaldylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Dzýadokyň aýaly Waleriýa Hotsinanyň 18-nji fewralda beren maglumatyna görä, onuň adamysynyň sud işi 25-nji fewralda ýurduň gündogaryndaky Mahileu şäherindäki türmede geçiriler.

Dzýadok türme düzgünlerini bozmakda aýyplanýar. Ol günäli tapylsa, onuň tussaglyk möhleti ýene-de bir ýyla çenli uzaldylyp bilner.

Anarhist toparyň aktiwisti Dzýadok huligançylyk aýyplamalary bilen 4 ýarym türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň tussaglyk möhletiniň 3-nji martda tamamlanmagyna garaşylýardy.

XS
SM
MD
LG