Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: “Talyban” gepleşiklere taýýar


Pakistanyň harby we diplomatik resmileri Owganystandaky “Talyban” hereketi Katarda Birleşen Ştatlaryň resmileri bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge isleglidigini mälim etdi diýýärler.

Emma gepleşikleriň geçiriljekdigi baradaky maglumaty henize çenli ne Birleşen Ştatlaryň, ne-de Kataryň resmilerine tassyklatmak başartdy.

19-njy fewralda Pakistanyň harby ofiseriniň beren maglumatyna görä, şu hepde Pakistanyň armiýasynyň başlygy Rahil Şarif Kabula eden saparynyň dowamynda owgan prezidenti Aşraf Gana “Talyban” hereketiniň martda gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýdypdyr.

Owganystanda 13 ýyl bäri dowam edýän konfliktiň soňuna ýetmek maksady bilen, soňky ýyllarda Birleşen Ştatlar bilen “Talyban” resmileriniň arasynda gepleşikleri geçirmek ugrunda edilen birnäçe synanyşyk şowsuz boldy.

XS
SM
MD
LG