Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Saýlawlar wagtyndan öň geçiriler


Gazagystanyň parlamentiniň ýokarky öýi Nursultan Nazarbaýewden ýurtda wagtyndan öň geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň wagt möhletini kesgitlemegi sorady.

19-njy fewralda Gazagystanyň Senatynyň 42 agzasyndan 41 sanysy prezidentlik saýlawlarynyň wagtyndan öň geçirilmegi baradaky inisiatiwany goldap ses berdi.

Gazak parlamentiniň aşaky öýi, ýagny Mejlis bu resminamany 18-nji fewralda tassyklapdy.

Gazagystanda öňümizdäki prezidentlik saýlawlary 2016-njy ýylda geçirilmeli, emma “Gazagystanyň Halk bileleşigi” saýlawlaryň şu ýyl geçirilmegini teklip etdi.

Bu bileleşik ýurtda “häzirki syýasatyň dowam etmegini üpjün etmek” we ykdysadyýeti güýçlendirmek üçin prezidentlik saýlawlarynyň wagtyndan öň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

XS
SM
MD
LG