Sepleriň elýeterliligi

Ukraina parahatçylyk goraýjylary çagyrýar


Ukraina, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ygtyýar berlen parahatçylyk goraýjylary ýurduň gündogarynda ok atyşygy bes etmek baradaky yrga ýaraşygyň şertlerini berjaý etmäge çagyrdy.

18-nji fewralda geçirilen adatdan daşary howpsuzlyk ýygnagynda prezident Petro Poroşenko: “Iň gowy format Ýewropa Bileleşigi tarapyndan polisiýa missiýasynyň ýola goýulmagy bolardy” diýdi.

Orsýetçi separatistler parahatçylyk goraýjylara edilen çagyryşy ýazgaryp, olaryň ýurda gelmegi geçen hepde Minskde gelnen ýaraşyk ylalaşygyny “bozar” diýdiler.

Ukraina bu baradaky çagyryşy güýçli çaknyşyklaryň yzýany, ukrain goşuny Debalsewe şäherinden çekilenden soň mälim etdi.

XS
SM
MD
LG