Sepleriň elýeterliligi

Azeri žurnalisti türmeden hat ugratdy


Azerbaýjanly garaşsyz žurnalist we Azatlyk Radiosynyň hyzmatdaşy Hatyja Ismaýilowa özüne garşy ýöňkelen täze aýyplamalary ret etdi we özüniň ýokary derejeli korrupsiýa barada alyp baran derňewleri sebäpli tussag edilendigini aýtdy.

Ismaýilowa kimdir birini öz janyna kast etmäge iteklemekde güman edilip, 5-nji dekabrdan bäri deslapky tussaghana saklanylýar.

Onuň yzýany, Ismaýilowa garşy ýöňkelen täze aýyplamalaryň arasynda pul ogurlamak, bikanun telekeçilik etmek, salgyt galplygy we öz wezipäňden hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly aýyplamalar bar.

Azerbaýjanyň türmesinden gizlin daşary çykarylan we 18-nji fewralda “The Washington Post” neşirinde çap edilen hatda Ismaýilowa: “Meniň häzirki wagt türmede saklanmagymyň sebäbi ýurtdaky korrupsiýa, ýöne režimiň korrupsiýasy meniňki däl” diýýär.

XS
SM
MD
LG