Sepleriň elýeterliligi

Medisina işgärlerinden girdeji talap edilýär


Keselhananyň işgärleri, Aşgabat

Keselhananyň işgärleri, Aşgabat

Türkmen häkimiýetleri saglyk öýlerinden gelýän puluň azalýanlygyndan nägile. Bu ýagdaýyň öňüni almak wezipesi saglyk merkezlerinde işleýän lukmanlara tabşyrylýar. Şeýle tabşyryklar agzalýan merkezlerde geçirilýän ýörite ýygnaklarda berilýär.

Şeýle ýygnaklardan birem Aşgabadyň 1-nji saglyk öýünde 17-nji fewralda geçirlipdir. Ýygnaga gatnaşanlardan biriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýygnakda çykyş edenler, esasanam näsaglardan gelýän puluň, hususan-da, döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş boýunça tölenýän tölegleriň azalandygyndan şikaýat edipdirler.

Agzalýan ýygnaga gatnaşanlardan ýene biri, özüni Aýgül diýip tanadan lukman, Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda näsaglardan gelýän girdejiniň azalmagyny medisina ätiýaçlandyryşyny ýa-da, il arasynda aýdylyşy ýaly, ”medstrahowkany” töleýänleriň azalmagy bilen düşündirýär.

Medisina ätiýaçlandyryşyny töleýänler azalýar

Aýgül bu meselede özünden mysal getirip, şeýle gürüň berdi. “Hut meniň uçastogymda häzir 3 sany medstrahowkany töleýän näsagym bar. Bu san öň 50-den hem köpdi”.

Aýgülüň aýtmagyna görä, onuň işleýän saglyk öýüniň ýolbaşçylary lukmanlardan medisina ätiýaçlandyryşyny töleýänleriň sanyny köpeltmegi talap edipdirler. “Eger köpeltmeseňiz, öz jübiňizden tölärsiňiz diýip haýbat atdylar” diýip, Aýgül lukman gürrüň berýär.

Uçastoklarynda döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça töleglerini töleýän näsaglaryň sany diňe bir Aýgülüň uçastogynda däl, eýsem beýleki lukmanlaryň uçastoklarynda hem azalypdyr. Bu ýagdaýyň takyk sebäbi hakda häzirlikçe maglumat ýok.

Emma saglyk öýleriniň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlardan käbir işgärleri döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça nasaglar tarapyndan edilýän tölegleriň azalmagyny agzalýan medisina ätiýaçlandyryşynyň bahasynyň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Mälim bolşuna görä, 2014-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlanyp, Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça, yzygiderli girdejisi bolmadyk raýatlar üçin tölegiň binýatlyk derejesi 750 manat möçberinde kesgitlenipdi.

Bahasy galdy

Şol sebäpden işlemeýän we yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlaryň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça töleýän tölegleriniň möçberi 15 esse ýokary galdyryldy. Şondan ozal olar her aýda 1 manat tölän bolsalar, agzalýan karar güýjüne girenden soň, her aýda 15 manat tölemeli boldular.

Soňky döwürlerde geçirilýän ýygnaklarda, tölegleriň azalmagynyň 20 ýyl mundan ozal kabul edilen Saglyk programmasy boýunça hojalyk hasaplaşygyna geçen medisina edaralarynyň girdejisine täsir edýändigi hem bellenilýär.

Aýgül lukmanyň aýtmagyna görä, girdejiniň azalmagy sebäpli, öz işleýän edarasynyň, 1-nji saglyk öýüniň laboratoriýasynyň işgärlerine aýlyk tölemäge eýýäm birki aý bäri puly hem ýetenok.

Näsaglaryň azalmagynyň ýene bir sebäbiniň bolsa medisina hyzmatlarynyň tölegleriniň ýyl-ýyldan gymmatlaýandygy bilen baglydygy aýdylýar. Aýgül lukman her ýyl medisina hyzmatlarynyň tölegleriniň 20-30% ýokary galdyrylýandygyny aýdýar.

“Şonuň üçin näsag az gelýär. Näsag gelmese, girdeji hem ýok. Hatda, plany dolmak üçin, lukmanlaryň özleri birnäçe gezek analiz tabşyryp, medisina barlagyndan geçmeli bolýarlar. Poliklinika gelen näsaglara bolsa zerur bolmadyk analizleri hem ýazmaly bolýar” diýip, Aýgül aýdýar.

Şu ýyl ýurtda Türkmenistanyň bitaraplyk statusynyň 20 ýyllyk ýubileýi bilen bir hatarda ýurtda Saglyk programmasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy hem bellenýär. Ylalaşyk 20 ýyl mundan ozal, 1995-nji ýylda ýurtda Saglyk döwlet programmasy kabul edilip, ýurduň medisina pudagy hojalyk hasaplaşygyna geçirilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG