Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Al-Bagdady Mossadyň oýunjagy'


Täjigistandaky selefileriň lideri Domullo Muhammadi, Duşenbe, dekabr, 2007.
Täjigistandaky selefileriň lideri Domullo Muhammadi, Duşenbe, dekabr, 2007.

Täjigistandaky selefileriň lideri "Yslam döwleti" (YD) ýaragly toparyny berk ýazgarýan makala bilen çykyş etdi. Makalada "Yrak we Lewant yslam döwleti" (YLYD) "şeýtanyň öýjügi', onuň lideri bolsa Ysraýylyň howpsuzlyk gullugy Mossadyň "oýunjagy" diýlip atlandyrylýar.

Täjigistanda "Molla Muhammadi" lakamy bilen tanalýan Muhammad Rahmullato ýurduň paýtagty Duşenbede iş alyp barýan, ýöne resmi hasapda durmaýan ”Salafiýýe” dini toparynyň baştutanydyr. Ol Pakistanyň medresesinde bilim alypdyr. Onuň goly bilen "Farazh" gazetiniň internet sahypasynda çap edilen makala şeýle sözbaşy goýlupdyr: "Mujahit bolmaklygyň bahasy 70 müň dollardyr".

Rahmullatonyň öz makalasynda beýan etmegine görä, YD guramasy Muhammet pygamberiň ýolundan çykan bir hereketdir. Täjigistanly selefileriň lideri şeýle-de "Yslam döwleti", Siriýadaky ”Jabhat Al-Nusra”, ”Özbegistanyň yslam hereketi” we ”Jamaat Ansarullah” toparlaryny terrorçy topar diýip atlandyrmaklyk bilen bir hatarda olara goşulan ýaş täjikleriň indi musulman däldigini bildiripdir. Ol, YD toparyna goşulan her bir söweşiji üçin Ysraýylyň onlarça müň dollar töleýändigini öňe sürüpdir.

Rahmullato, YD-nyň lideri Abu Bakr Al-Bagdadini hem şeýle görnüşde berk tankyt edipdir: "Özüni "Emir al-möminin" diýip yglan eden Bagdadi, aslynda Ysraýylyň önümi we ol ýurduň howpsuzlyk guramasy bolan Mossadyň oýunjagydyr".

Awtoryň ýazmagyna görä, "adam söwdasyny edýän bu elhenç jenaýatkärleriň" toruna düşen bisowat musulmanlar şol "dönük ekstremistleriň eýmenç" planlaryndan bihabardyr.

Siriýadaky täjikler

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň taýýarlan resmi hasabatyna görä, häzirki wagtda Siriýada 300-e golaý täjik söweşýär. Diňe geçen hepde Yragyň Kerkuk şäherinde YD toparynyň hatarynda söweşen 4 täjigiň öldürilendigi habar berlipdir. Olaryň birem Täjigistanyň günorta-günbataryndaky Hatlon etrabynyň ýaşaýjysy, sportda düzgünsiz uruş ugry boýunça üç gezek Täjigistanyň ýeňijisi bolan Alan Çikranow ekeni.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Täjigistanyň kazyýeti Siriýadaky yslamçy toparlara goşulmaga taýýarlanýan 46 sany ýaş ýigidi tussag edipdir. Ýaşy ýigrimi bilen otuzyň arasynda bolan ol ýaşlar, daşary ýurtlardaky ýaragly çaknyşyklara gatnaşmaklyk maksady bilen jenaýatkär topar döretmeklikde aýyplanypdyrlar.

XS
SM
MD
LG