Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Maýdan gyrgynçylygyny ýatlaýar


Kiýewde ýüzlerçe adam geçen ýyl Ýewromaýdan protestleri döwründe ölen demonstrantlaryň hatyrasyna ýöriş geçirdi.

2014-nji ýylyň 18-21-nji fewral aralygynda Ýewromaýdan protestçileri bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan ýowuz çaknyşyklarda 100-den gowrak adam, şol sanda 17 howpsuzlyk ofiseri öldi.

Bu çaknyşyklardan birnäçe hepde öň, Ýewromaýdan protestlerine gatnaşýan başga-da dokuz adam ölüpdi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 20-nji fewraly resmi taýdan “Ýatlama güni” diýip yglan etdi. Bu sene Ýewromaýdan protestleri döwründe iň köp adamyň pida bolan günüdir.

XS
SM
MD
LG