Sepleriň elýeterliligi

Ak tam, “Talyban” gepleşikler baradaky maglumaty ret etdi


Ak tam we Owganystandaky “Talyban” hereketi öňümizdäki hepdelerde Katarda parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek barada ylalaşylandygy dogrusyndaky maglumatlary ret edýärler.

Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sözçüsi Bernadette Mihan 19-njy fewralda beren maglumatynda, Waşington “Talyban” hereketiniň gatnaşmagyndaky “owganlaryň ýolbaşçylygynda geçirilýän ýaraşyk prosesini” goldaýar diýdi. Emma ol “Talyban” bilen Birleşen Ştatlaryň araçylarynyň arasynda planlaşdyrylan duşuşygyň ýokdugyny sözüniň üstüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde “Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid özüniň 19-njy fewralda beren maglumatynda, “Katarda kimdir biri bilen gepleşikleri geçirmek barada” hiç hili planyň ýokdugyny aýtdy.

Pakistanyň harby we diplomatik resmileri Owganystandaky “Talyban” hereketi Katarda Birleşen Ştatlaryň resmileri bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge isleglidigini mälim etdi diýipdiler.

XS
SM
MD
LG