Sepleriň elýeterliligi

Raportda ÝB, Britaniýa aýyplanýar


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kamerun (çepde) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kamerun (çepde) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko.

Britaniýanyň parlament komiteti Ýewropa Bileleşigini we Britaniýany Ukrainadaky krizise “göz ýummakda” aýyplaýar.

Britan parlamentiniň Lordlar öýüniň Ýewropa Bileleşigi boýunça komitetiniň 20-nji fewralda ýaýradan raportynda, gürrüňi gidýän komitet Britaniýany bu ýagdaýyň çözülmegi bilen baglanyşykly ýeterlik derejede “dogumlylyk görkezmezlikde” aýyplady.

Şeýle-de, bu raportda Ýewropa Bileleşigi bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak wagtdan bäri “has optimistikdigi”, sebäbi bu ýurt has demokratik bolmak ýodasyna düşen diýip hasaplanandygy bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde raportda 1994-nji ýyldaky Budapeşt memorandumyna gol goýan dört ýurduň biri hökmünde Britaniýanyň Ukraina aýratyn jogapkärdigi nygtalýar. Gürrüňi gidýän bu memorandumda Ukrainanyň territorial bütewiligi kepillendirilýär.

XS
SM
MD
LG