Sepleriň elýeterliligi

Maýdan gyrgynçylygynyň pidalary ýatlanýar


 Ýatlama çärelerine gatnaşanlar protestçileriň atlyp öldürilen ýerlerinde gül çemenlerini goýdular, şem ýakdylar.

Ýatlama çärelerine gatnaşanlar protestçileriň atlyp öldürilen ýerlerinde gül çemenlerini goýdular, şem ýakdylar.

Kiýewde bir ýyl öň hökümete garşy protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan ganly çaknyşyklarda pida bolanlaryň ýatlama çäreleri geçirilýär.

2014-nji ýylyň 18-nji we 21-nji fewraly aralygynda bolan ganly çaknyşyklarda 100-den gowrak adam, şol sanda howpsuzlyk ofiserleriniň 17 sanysy öldürildi.

Kiýewdäki Ýewromaýdan protestlerine gatnaşyjylaryň ýene dokuz sanysy bolsa, soňky hepdelerde bolan çaknyşyklarda wepat boldy.

Bu pitne prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetden çetleşdirilmegine we Orsýete gaçmagyna hem şondan bäri şol ýerde galmagyna alyp geldi. Ol özüniň häkimiýetden agdarylmagyny "bikanun" diýip atlandyrýar we Ukrainanyň täze ýolbaşçylaryny “faşistler" hökmünde ýazgarýar.

Ýanukowiçiň ýerine prezident saýlanan Petro Poroşenko 20-nji fewraly, adamlaryň iň kän öldürilen gününi, resmi taýdan Ýatlama güni diýip yglan etdi.

Kiýewde ýüzlerçe adam pida bolanlaryň hormatyna ýörişe çykdy, ýatlama çärelerine gatnaşanlar protestçileriň atlyp öldürilen ýerlerinde gül çemenlerini goýdular, şem ýakdylar.

Garaşsyzlyk skwerinde, protestleriň bolan ýerinde dini dabara hem geçirildi.

Başga bir dini dabara bolsa, golaýdaky köçeleriň birinde ýerleşýän ybadathanada geçirildi. Bu köçede hem erbet gandöküşlik bolupdy.

Poroşenko şu gün giçlik Garaşsyzlyk skwerinde halka ýüzlenme bilen çykyş edýär.

Bütin ýurt boýunça ybadathana jaňlary urlar we bir minutlyk dymyşlyk yglan ediler.

Ýatlama güni skwerde guraljak konsert, goşgy okaşlyk we milli gimniň ýerine ýetirilmegi bilen soňlanar.

Onlarça daşary ýurt lideriniň, şol sanda Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tuskyň Kiýewde 22-nji fewralda boljak başga bir hatyra çäresine gatnaşmagyna garaşylýar.

"Putiniň kömekçisi mergenlere ýolbaşçy boldy"

Şu aralykda Ukrainanyň howpsuzlyk gulluklary Orsýetiň prezidentiniň kömekçisini Ýewromaýdan demonstrasiýaçylaryny nyşana alan diýip ynanylýan rus mergenleriniň komandasyna ýolbaşçylyk etmekde aýyplady.

Walentin Naliwaýçenko Ukrainanyň 1+1 telewizion kanalyna 20-nji fewralda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň agzalarynyň üç toparynyň 2013-nji ýylyň noýabry bilen 2014-nji ýylyň fewraly aralygynda, protestçileri dargatmak tagallalaryny gurnamak üçin, Kiýewe sapar edendigini aýtdy.

Naliwaýçenko bu operasiýany utgaşdyrmaga Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň täsirli kömekçisi Wladislaw Surkowyň ýolbaşçylyk edendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki 19-njy fewralda Waşingtonda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, şeýle diýdi:

"Birleşen Ştatlar Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň Debaltseweniň içinde we töwereginde, Mariupolda we gündogar Ukrainadaky beýleki ýerlerde hüjümleri dowam etdirmeklerini ýazgarýar, bu hüjümler ýaraşygy bozýar we Minsk şertnamalaryna pitjiň atýar.»

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG